Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň tanklary şäherleri top okuna tutýar


Assadyň režimine garşy proteste çykan halk BMG-den kömek soraýar, 2011-nji ýylyň 6-nji maýy.
Assadyň režimine garşy proteste çykan halk BMG-den kömek soraýar, 2011-nji ýylyň 6-nji maýy.

Adam hukuklary boýunça aktiwistler Siriýada ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň şäherme-şäher aýlanyp, başgaça pikirlenýänlere basyş edýändigini aýdýarlar.


Protestleriň merkezi hasaplanýan şäherlerde çarşenbe güni hökümet güýçleri we beýleki ýaragly toparlar tarapyndan azyndan 19 adam öldürildi. Protestçilere edilen bu hüjümlerde tanklardan hem peýdalanyldy.

Ýurduň uly, senagatlaşan şäherleriniň arasynda üçünji orunda durýan Homs şäheri çarşenbe güni top okuna tutuldy. Şäheriň ýaşaýjylary howpsuzlyk güýçleriniň öýme-öý aýlanyp, hökümete garşy protestlere gatnaşanlaryň sanawynda ady bar adamlary tutandyklaryny aýtdylar.

Çarşenbe güni agşam müňlerçe studentiň, hökümetiň görkezýän gysyşyny äsgermezlik edip, Halap şäherinde geçiren demonstrasiýasy sebäpli penşenbe güni ençeme adamyň tutulandygy habar berildi.

Boýun alýarlar, emma…

Londonda ýerleşýan “Adam hukuklary boýunça Siriýa gözegçilik” merkeziniň işgäri Rami Abdel Rahman harbylaryň Bania şäherinde protestlere ýolbaşçylyk edýänleri gabamagy penşenbe güni hem dowam etdirendigini aýtdy.

Siriýanyň harbylary Deraa şäheriniň golaýynda, 5-nji maý.



Assadyň hökümeti bu hüjümleri geçirýändigini boýun alýar. Ýöne ol: “Munda harbylaryň nyşana alýany söweşiji yslamçylar” diýýär.

Siriýanyň harbylary çarşenbe güni Homs we Deraa şäherlerinde bolan çaknyşyklarda iki esgeriň ölüp, 9 esgeriň ýaralanandygyny aýtdylar. Adam hukuklary toparlary mart aýynyň ortalarynda protest hereketi başlaly bäri 600-den agdyk adamyň öldürilip, azyndan 8 müň adamyň tutulandygyny aýdýarlar.

Protestçiler erkin saýlawlary, syýasy tussaglaryň boşadylmagyny, Baş kanuna üýtgetmeler girizilip, Assadyň “Baas” partiýasynyň agalygynyň çäklendirilmegini talap edýärler.

Siriýa hökümeti ýazgarylýar

Siriýa hökümeti halkara derejesinde gitdigiçe ýazgarylýar. Bileşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun çarşenbe güni Ženewada: “Assad Siriýanyň halkynyň reformalar we azatlyk baradaky çagyryşlaryna üns bermeli” diýdi. Ban şeýle hem Damasky parahatçylykly demonstrantlaryň garşysyna çakdanaşa güýç ulanmazlyga we adamlary köpçülikleýin tutmazlyga çagyrdy.

“Deraa we soňky zorluklardan zyýana uçran beýleki şäherlerde ýagdaýa özbaşdak, bitarap baha berip, gerekli gumanitar kömegi planlaşdyrmaga bize mümkinçilik bermegi üçin biz Siriýanyň häkimiýetlerine gysyş görkezmegi dowam etdirýäris” diýip, Ban aýtdy.

10-njy maýda ÝB Siriýanyň 13 resmisini öz sanksiýa sanawyna girizdi. Bu 13 resminiň biri Başar Assadyň (sagda) dogany Maher (çepde).
Ýewropa Bileleşigini baş diplomaty Ketrin Aşton hem penşenbe güni ÝB-niň Siriýa baradaky sanksiýalary giňeltmäge taýýardygyny bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, bu sanksiýalar Assadyň özüni hem öz içine alar. 10-njy maýda ÝB Siriýanyň 13 resmisini öz sanksiýa sanawyna girizdi. Bu 13 resminiň biri Başar Assadyň dogany Maher.

Aşton Awstriýa radiosyna şu günki beren interwýusynda: “Assad entek sanksiýa sanawyna girizilenok. Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri üstümizdäki hepde bu meselä dolanyp gelip, Fransiýanyň ‘Siriýanyň prezidenti-de bu gara sanawa goşulmaly’ diýýän teklibi barada pikir alşar” diýdi.

Milli miras

Siriýanyň öňki wise-prezidenti, 2005-nji ýylda ýurtdan gaçyp çykan Abdel-Halim Haddam çarşenbe güni Brýusselde “Reuters” habar gullugyna: “Assad Liwiýanyň lideri Kaddafiniň edýän işlerini edýär” diýdi.

“Belli bir derejede interwensiýanyň gerek bolmagy mümkin. Adamlar öldürilýär. Öz halkyny gyrýan režim kanuny däl. Aslynda olar öz halkynyň duşmany. Şol sebäpden olar milli mirasy alyp bilmez. Milli miras, nähili ýollar bilen hem bolsa, bu ýolbaşçylardan dynmagy talap eder” diýip, Haddam aýtdy.

Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Siriýada halka edilýän sütemi “wagşyçylyk” diýip ýazgardy. Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toner: “Siriýa häkimiýetleri özleriniň parahatçylykly demonstrantlara garşy edýän zorlukly hereketlerini artdyrýarlar” diýdi.

Analizçiler prezident Barak Obamanyň administrasiýasyny Assadyň zorluga daýanýan repressiw režiminiň soňuna çykylmagy barada çagyryş etmäge göwünsizlikde aýyplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, Waşington Siriýada bolan rewolýusiýanyň Orta Gündogaryň bu bölegini bulagaýlyga salyp, Liwana, Eýrana we Ysraýyla täsir etmeginden gorkýar.
XS
SM
MD
LG