Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halaçlylar aç däldir


Lebap welaýatynyň ýaşululary prezidentiň sapary mahalynda, 2011-nji ýyl.
Lebap welaýatynyň ýaşululary prezidentiň sapary mahalynda, 2011-nji ýyl.
Alym Soltanşa Atanyýazowyň «Şejere» kitabyndaky ýalňyşlyklar barada ýazmagy birki makaladan soň bes etmegi öz öňümde maksat edinip goýupdym. Ýöne bu kitapda halaçlylaryň gaty kemsidilýänliginiň üstünden barmagym meniň pikirimi ýene «Şejere» kitabyna dolady.

Bu kitapda türkmen tire-taýpalarynyň atlary hakda ýalan maglumatlaryň gitmeginde alym Soltanşa Atanyýazowyň hiç hili günäsi ýok. Men bu barada öňki makalalarymda hem aýdypdym. Türkmenistan Sowet Soýuzynyň düzümindekä orslaryň özi Eýran bilenem gatnaşdy, arap dünýäsi bilenem. Ýöne beýleki on dört respublikanyň halklaryny bolsa hiç bir daşary döwletler bilen gatnaşdyrman, gysymda saklady. Şeýle bolansoň, öňem aýdyp geçişim ýaly, türkmen alymlarynda ors çeşmelerine salgylanmakdan başga alaç ýokdy. Türkmenleriň taryhy boýunça hakyky ýazgylar bolsa arap-pars çeşmelerinde köp gabat gelýär. Sebäbi ol ýurtlar bilen taryhy baglanyşygymyz ýakyndan bolansoň, türkmenleriň ýer-ýurt atlary baradaky hakykat hem, tire-taýpalarymyz baradaky hakykat hem goňşy döwletleriň taryhyndan çykýar.

Lebap welaýatynda Halaç diýen etrap bar. Olara ýaşaýan ýeri boýunça «halaçlylar» diýlip at berilse-de, halaçlylaryň ählisi diýen ýaly ärsary türkmenleridir. Halaçlylar barada alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Şejere» kitabynda şeýle ýazýar: «Gadymy oguz-türkmen taýpalarynyň biri bolan halaçlylara Mahmyt Kaşgary 24 türkmen taýpasynyň iň ahyryndan orun berýär. Bu taýpanyň gelip çykyşy barada ol şeýle rowaýaty getirýär — 22 türkmen taýpasynyň taýpabaşylary iki adamyň agyr ýüklerini arkasyna göterip, çagalaryny yzyna düşürip, yzdan süýrenip gelýänlerini görýärler we bu ikisine gaharlary gelip: «Gal, aç» diýýärler. Şu iki adamdan halaçlaryň iki urugy emele gelýär we olara sonra «halaç» diýen at dakylýar». («Şejere» kitaby, 216-njy sahypa).

Türkmenlerde «halaç» diýen taýpanyň ýokdugyny islendik alym tassyklap biler. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Halaç etrabyň — ýeriň ady. Ol ýerdäki halaçlylaryň ählisiniň ärsarylardygyny ýene bir sapar nygtaýan. Ýer-ýurt ady bolan «Halaç» sözüni halka ýanamak, olar hakda-da sülä gelmeýän rowaýaty döretmek köp kişileri oňaýsyz ýagdaýa salýar.

«Hälij»


«Hälij» sözi pars dilinden terjime edilende «aýlag» diýen manyny berýär. «Hälij farsi» — «Pars aýlagy».

«Häliçler» diýlip iki ýer bar. Onuň biri Jeýhundan şaha bölünip akan suwuň Gürgençden (Jorjaniýa) geçip, batgalyga öwrülip galan ýeridir. Onuň biri bolsa Teýmurlar döwründe Abywerd welaýatynda bolan bir obadyr» diýlip, «Türkistandaky suwarymly ýerler» (112-nji sahypa) we «Horasanyň taryhy» (65-nji sahypa) kitaplarynda bellenipdir.

Diýmek, suwuň ýaýrap, soň yza çekilip, batgalyk galan ýere-de, suwuň aýlanyp geçýän ýerine-de «Hälij» diýlipdir. Bu söz soňy bilen halkyň dilinde üýtgäp, «halaç» bolup galypdyr. Halaç — diýmek, «aýlag, batgalyk» diýen manylary berýär. Şu sözleriň häzirki Lebap welaýatynda ýerleşýän Halaç etrabynyň adyna-da laýyk gelýändigi görnüp dur. Sebäbi Halajyň gapdalyndan Jeýhun derýasy geçýär. Ol ýeriniň ilatynyň häzirki ýaşaýan ýeri derýanyň aýlag berip geçýän ýeridir. Şeýle hem Jeýhun derýasynyň suwunyň asyrlar bäri şaha ýaryp, şol töweregi batgalyga öwrüp, soňra yza çekilen bolmagam mümkin.

Häzirki «Halaç» sözüne gabat gelýän ýene bir söz bar — ol söz «Hellaj» diýlip ýazylýar. Bu sözüň manysy «pagtany, ýüňi daraýjy, saýyjy, tüýdüji». Pagtany, ýüňi saýyja, daraýja, tüýdüjä bolsa «hellaji» diýlipdir. Halaç etrabynyň territoriýasynda ýaşaýan halkyň içinde pagtany ýa-da ýüňi tüýtmegi, saýmagy, daramagy hünär edinenleriň bolan bolmagy mümkin. Gadym döwürlerde pagtadyr ýüňi gaýtadan işleýän tehnika bolmansoň, adamlaryň her eline bir çybyk alyp, pagtany ýa-da ýüňi saýyp, ýumşadýandygyny köp kişiler bilýändir. Häzir hem halkyň arasynda ýorgan tikilende pagtany taýak bilen saýýan bar. Pagtasy şeýdip salnan ýorgan aýratyn ýumşak hem gowy bolýar.

Ine, şu sözleriň haýsysyny alanyňda hem «halaç» sözüniň owadan manysyny berip bolýar. «Gal, aç» diýen sözi bolsa olara degişli bolmakdan aýyrmaly. Bu wezipäni ýerine ýetirmek türkmen alymlaryna degişli.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG