Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň şygyrýet güni


Şu gün Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bellenilýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde dabaraly çäreleriň giňden geçirilýändigini türkmen metbugaty habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýram mynasybetli gutlag bilen ýüzlendi.

19 ýyl mundan ozal, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edilipdi. Bu güne gabatlanyp, şu gün paýtagt Aşgabatda Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasy hem geçirildi.

Türkmenistanda şu gün iş güni däl.
XS
SM
MD
LG