Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly žurnalist Rahmany täzeden tussag edildi


Eýranly žurnalist we syýasy aktiwist Tagi Rahmany girew bilen azatlyga goýberilenden iki gün soň täzeden Ewin türmesine salyndy.

Onuň aýaly Narges Mohamadiniň “Farda” radiosyna aýtmagyna görä, Tagi 140 müň amerikan dollaryna barabar girew bilen 15-nji maýda boşadylypdy.

Rahmany žurnalist we Tährandaky adam hukuklaryny goraýjylar merkeziniň başlygynyň orunbasarydy.

Onuň aýalynyň sözüne görä, Rahmany bir dokumente gol goýmak üçin türmä çagyrylypdyr: “Rahmany we onuň aklawçysy Ewin türmesine baranda, onuň aklawçysyna türmä girmäge rugsat edilmändir. Soňra Rahmanynyň tussag edilendigi üçin, oňa garaşmagyň gerek däldigini aýdypdyrlar”.

Mohamedi öz adamsynyň täzeden tussag edilmegi sud häkimiýetleriniň wezipe ugrundaky göreşiniň netijesi bolmagy mümkin diýýär.

Tagi Rahmany fewral aýynda öz öýünde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. Ol iki ýylda üçünji gezek tussag edildi.
XS
SM
MD
LG