Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geýts: Osamanyň ornaşan ýeri “kimdir birine” bellidi


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýtsiň aýtmagyna görä, Osama bin Ladeniň Abbottabadda ornaşandygyndan Pakistanyň ýolbaşçylarynyň habarly bolandygy barada özlerinde subutnama ýok.

Emma ol Osama bin Ladeniň Pakistanda ornaşandygynyň “kimdir birine” belli bolandygyny hem öňe sürdi.

Geýts Waşingtonda metbugat konferensiýasynda çykyş etdi.

2-nji maýda Abbottabadda ABŞ-nyň ýörite güýçleri Osama bin Ladeni öldürdi.
XS
SM
MD
LG