Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda "Magtymguly" romany döredildi


Magtymgulynyň heýkeli, Aşgabat, 2011-nji ýylyň maý aýy.
Magtymgulynyň heýkeli, Aşgabat, 2011-nji ýylyň maý aýy.
Magtymgulynyň şygyrýet baýramçylygy bilen baglanyşykly geçirilen dabaralaryň çäginde, ýazyjy Hudaýberdi Hally özbegistanly ýazyjy hem dramaturg Gurban Muhammetryza bilen gürrüňdeş boldy.

Bu ýazyjy 60-njy ýyllarda Magtymguly barada özbek dilinde pýesa ýazyp, uly abraýa eýe bolupdy. Soňra bolsa “Magtymguly” romanyny döretdi. Golaýda Horezimde ol romanyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Şol sebitde köplükde ýaşaýan türkmenler täze romany gowy garşy aldylar.

H. Hally: Gurbanbaý aga, siz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna ýakyndan belet. Özbek-türkmen halklarynyň dostlugy barada aýratyn kitap ýazdyňyz. Biz gürrüňi siziň ömür ýoluňyzdan başlasak gowy bolardy.

Özbegistanly ýazyjy hem dramaturg Gurban Muhammetryza
G. Muhammetryza: Meniň doly adym Gurbanýbaý Mätryzaýew. Özbegistanda Gurban Muhammetryza lakamy bilen tanalýan. 1938-nji ýylyň 18-nji fewralynda Daşoguzda doguldym. Orta mekdebi Daşoguzda tamamladym. Horezm Döwlet pedinstitutynyň taryh we dil-edebiýat fakultetini tamamlap, dört ýyl çemesi Daşoguzda mugallym bolup işledim. Soňra ýene Horezme dolanyp, 1963-nji ýyldan radioda, telewideniýede hem respublikan gazetlerde habarçy bolup işledim. Horezm telewideniýesine ýolbaşçylyk etdim. Häzir men pensiýada.

H. Hally: Gurbanbaý aga, siziň döredijilik işiňiz köptaraply. Ondan halklaryň dostlugy meselesine geçsek, owaly bilen “Baky doganlyk” kitabyňyzyň döreýşi barada aýdyp berseňiz oňat bolardy.

G. Muhammetryza: Bu kitap 4-5 ýyllykda özbek-türkmen dostlugy barada “Baky dostluk – ebedi dostluk” ady bilen özbek hem türkmen dillerinde çykdy. Ol ýerde türkmen şahyrlaryndan eden terjimelerim bar. Magtymguly hakdaky pýesam hem Agehi baradaky pýesam bar. Şeýle hem bütin telewideniýede işlän döwürlerimden tä häzire çenli ýazan makalalarym bar. Was düzlüginde ýerleşýän Aşyk Aýdyň pir dogrusynda makala ýazdym. Garaz, manyly ömrümiň esasy bölegini iki halkyň dostlugy meselesine bagyş etdim.

H. Hally: Siz Magtymgulyny öwrenmek, beýik şahyr barada eser ýazmak işine haçan girişdiňiz?

G. Muhammetryza: Telewideniýä redaktor bolup işläp başlanymda, maňa “Magtymgulynyň lirikasy” diýen gepleşik-sahna taýýarlamagy tabşyrdylar. Ilki bilen inisinirowka meňzeş bir zat taýýarlaýyn diýdim. Ony öwrendigimçe, oňa wagt ýitirdigimçe ulalyp başlady. Ony ahyrynda pýesa edip, Horezm teatryna getirdim. Olar muny Daşkende iberdiler. Daşkentde bolsa maňa “hut şu at bilen Berdi Kerbabaýew pýesa ýazypdy. Seniň eseriň şoňa meňzeş bolamagy mümkin” diýlenden soň, men Aşgabada gitdim. Bu 65-nji ýyllarda bolupdy.

Berdi Kerbabaýew meni gowy garşy alyp: “Berekella! Muny gowy ýazypsyň. Meniň eserim Watançylyk temasy hakynda. Sen iki halkyň dostlugy barada ýazypsyň. Muny öz teatrymyzda goýsak nähili bolar?” diýdi. Men ony Magtymgulynyň ýubileýi bilen baglanyşykly Özbegistanda goýjak bolýandyklaryny aýtdym. Soňra ol eseri Aşgabatda goýmaga el ýetmedi. Ýöne 1966-njy ýylda Horezmde goýuldy. Ol pýesanyň ses ýazgysy häzirem Özbegistan radiosynyň altyn fondunda saklanýar. Ony käte radioda berýärler. Ýöne Magtymguly temasy meniň pikir-hyýalymdan çykmady. Şonuň üçin ýene işläp, kitaplaryny okap, Magtymguly barada türkmen dilinde çykan Taňryguly Taganowyň, Ö. Nepesowoň we beýlekileriň eserlerini okap, şularyň aýtmadyk nämesi bar diýdim.

Magtymgulynyň eserleriniň edil almaz ýaly köp gyraly, köp öwüşginli. Şonuň üçin Magtymguly barada aýdylmadyk zatlaram köp. Magtymgulynyň Buharada okany hakynda düýpli söz ýok, Hywada okany-da gaty gysgaça aýdylýar. Halklaryň dostlugy barada eden işleri ol romanlarda ýok.

Magtymgulynyň şygyrlaryny meniň atam ýaşlygymda gulagyma guýupdy. Atam Magtymgulyny ýatdan bilerdi. Men Magtymgulynyň goşgularyndan pikir ýöredip, onuň biografiýasyny öwrenip, roman ýazmaga girişdim. Muňa 7-8 ýyl wagtym gitdi. Bolsa-da, golaýda men muny tamamladym, özbek dilinde çap edildi. Indi Hudaý ýol berse, türkmen dostlarymyz meni goldasa, türkmen diline geçirip, türkmen halklaryna-da ýetirmek niýetim bar.

H. Hally: Magtymgulynyň neberelerinden bolan Ata işan öňräk Aşgabada geleninde: “Magtymgulynyň dosty – meniňem dostum. Sebäbi Magtymguly Hak Tagallanyň dosty” diýipdi. Ata işanyň şol aýdan sözüne siz nähili garaýarsyňyz?

G. Muhammetryza: Magtymguly ejizlikden kömek isleýän şähyr däl, belki, Hoja Ahmet Ýasawy, Sopy Allaýar ýaly Hak ýolundaky hakykat şahyrydyr. Kurany Kerimiň Bakara süresinde Alla Tagalla öz halan kişilerine hikmet berer diýlipdir. Kime hikmet berlen bolsa, bes, oňa köp ýagşylyk berlendir diýilýär. Diýmek, Magtymguly-da Alla Tagalladan berlen bilim eýesidir.
XS
SM
MD
LG