Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşi Waşingtonda öz ofisini açar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň resmileri Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşiniň Waşingtonda öz ofisini açmak baradaky teklibi kabul edendigini habar berdiler.

Bu barada şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar meseleleri boýunça kömekçisi Jeffri Feltmen Liwiýanyň gündogaryndaky Bengazi şäherinde eden çykyşynda mälim etdi.

Jeffri Feltmän Liwiýanyň gozgalaňçylarynyň Milli Geçiş Geňeşiniň agzalary bilen gepleşik geçirmek üçin bu ýurtda üç günlük saparda ýör.
XS
SM
MD
LG