Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan gubernatory gabawdan aman sypdy


Owganystanyň Helmand welaýatynyň gubernatory özüne garşy guralan gabawdan aman sypdy. Atyşykda hüjümçileriň ikisi öldürildi.

Muhammad Gulab Mangalyň edarasy onuň Sangin etrabyna sapardan soň, Laşkar Gah welaýatyndan paýtagta dolanyp gelýärkä oka tutulandygyny aýtdy.

Bu hüjüm Kabulda Owganystanyň aňtaw gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň janyna kast ediljek bolan gününde boldy.

Goragçylar Ahmad Ziýany öldürmek üçin özüni partlatjak bolan adamy atyp öldürdiler.
XS
SM
MD
LG