Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alynyň gahary Ahmetden çykarylýarmy?


Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň uçurym goýberiş dabarasynda, 2010-njy ýyl.
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň uçurym goýberiş dabarasynda, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen hökümetini halkara suduna bermegi bilen bagly wakanyň ýüze çykmagy ahyrky netijede türkmen-türk gatnaşyklaryna öz ýaramaz täsirini ýetirjege meňzeýär.

Soňky on günüň dowamynda geljek okuw möwsüminden Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ýapyljakdygy bilen bagly maglumatlar ýüze çykyp ugrady. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň hünär boýunça fakultetleriniň ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerine degişlilikde bölünip, paýlanjakdygy barada aýdylýar. Bu maglumatlaryň nä derejede hakykatdygy heniz belli däl. Sebäbi türkmen resmileri bu babatda hiç hili dil ýarmaýarlar.

Mundan başga-da käbir maglumatlara görä, Halkara türkmen-türk uniwersiteti beýleki ýokary okuw mekdeplerine paýlanylyp, ýapylanyndan soň, türkleriň Türkmenistanda neşir edilýän «Zaman» gazetiniň-de ýapylmagy mümkin.

Resmileriň gaýraty çatarmy?

Halkara türkmen-türk uniwersitetini hem-de «Zaman» gazetini birbada ýok etmäge türkmen resmileriniň gaýraty çatarmyka diýen sowala jogap bermek gaty bir kyn däl. Geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanda iki milliondan-da gowrak abonenti bolan Orsýetiň mobil kompaniýasy MTS-iň işini togtatmaga bogny ysan türkmen hökümeti üçin ýekeje uniwersitet bilen birje gazeti ýok etmek üýtgeşik bir kynçylyk döretmese gerek.

Munuň üçin bahana-da ýeterlik. «Ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen» diýen ýaly bir zat tapylar, wessalam.

Alynyň aryny Ahmetden çykarmak häsiýeti Nyýazow döwründe-de ýüz beripdi. Mälim bolşy ýaly, Orsýet bilen gaz meselesinde dörän gapma-garşylyk halys degnasyna degensoň, 2004-nji ýylyň başynda Saparmyrat Nyýazow paýtagtyň merkezinde ýerleşýän Puşkin adyndaky rus drama teatryny ýykmaga görkezme beripdi. Teatr bary-ýogy iki günüň içinde ýer bilen ýegsan edilipdi. Şeýle tiz ýagdaýda hiç bina hem Türkmenistanyň çäginde ýykylan däldir.

Umuman alanyňda, nakylda aýdylyşy ýaly, «Iki at depişer, arasynda eşek öler» diýleni. Saparmyrat Nyýazowyň gaharyna bäs gelip bilmän Puşkin adyndaky rus drama teatryny ýykmaga görkezme bermegi tomaşaçylara zelelini ýetiren bolsa, Halkara türkmen-türk halkara uniwersiteti bilen «Zaman» gazetiniň ýapylmagynyň diňe sada halka zyýan boljagy köre-hasa.

Ýöne häkimiýetler bu planlaryndan belki el çekerler diýen umytlar hem ýok däl. Sebäbi Halkara türkmen-türk uniwersiteti bilen bagly şuňa meňzeş waka 4-5 ýyl öň hem ýüze cykypdy. Şonda bu uniwersitetiň Ykdysady we syýasy bilimler fakultetiniň käbir bölumleri ýapylyp, bu bölumlerde okaýan talyplar ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerine paýlanypdy.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG