Ýemende ýüzlerçe yslamçy söweşijiniň ýurduň günorta şäheriniň gözegçiligini öz ellerine geçirendikleri habar berilýär.
Resmileriň we ýerli ýaşaýjylaryň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Abýan welaýatynyň Zinjibar şäherine hüjüm eden söweşijileriň arasynda “Al-Kaýda” terror toparynyň wekilleri hem bar ýaly görünýär.
Ýemeniň dissident generallarynyň bir topary prezident Ali Abdullah Salehi sebiti “terroristleriň” ellerine berenlikde aýyplap, ýurduň esgerlerine Salehiň režimine garşy baş götermäge çagyryş etdiler.
Ýemende prezident Salehiň režimine garşy protestleriň ençeme aý bäri dowam edip gelýändigine garamazdan, Saleh häkimiýetden gitmekden boýun gaçyrýar.