Ýaponiýanyň häkimiýetleri mart aýynda ýüz beren ýer yranma we sunami heläkçiliginden soň ýurtda maşyn önümçiliginiň 60 prosentden hem gowrak pese düşendigini mälim etdiler.
Ýaponiýanyň awtomobil önümçiligi boýunça assosiasiýasynyň resmi maglumatyna görä, şu geçen aprel aýynda ýeňil maşynlaryň, ýük maşynlarynyň we awtobuslaryň öndürilişi geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 60,1 prosent, maşynlaryň eksporty bolsa 67,8 prosent pese düşüpdir.
Ýaponiýada mart aýynda ýüz beren ýer yranma we sunami heläkçiligi maşynlaryň enjamlaryny öndürýän raýonlara uly zyýan ýetiripdi.