Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň baştutany Özbegistanda duşuşyk geçirdi


Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki başlygy Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, daşary işler ministri Elýor Ganiýew we parlamentiň başlygy Dilorom Taşmuhamedowa bilen duşuşdy.

Azubalis Merkezi Aziýada howpsuzlyk we durnuklylyk boýunça Özbegistanyň uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Azubalis Daşkentde syýasy partiýalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň we medianyň wekilleri bilen hem duşuşdy.

ÝHHG-niň häzirki başlygy Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis penşenbe güni Türkmenistana barar.
XS
SM
MD
LG