Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazanda türki dilli halklaryň festiwaly dowam edýär


Sişenbe güni Tatarystanyň paýtagty Kazanda türki dilli halklaryň 10-njy “Nowruz” festiwaly başlandy.

Bu festiwala türki dilli ýurtlardan gelen 40 sany teatr we aýdym-saz toparlary gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleri hem bar.

Tatarystanyň prezidenti Rüstem Minnihanow bu festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we artistler bilen duşuşdy.

Ýylda bir gezek geçirilýän bu festiwal 3-nji iýuna çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG