Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk biznesmenleriniň aladasy uly


Türkmenistanda gurluşyk üçin her ýylda goýberiljek puluň möçberiniň 2015-nji ýyla çenli 15% artdyryljakdygy aýdylýar.
Türkmenistanda gurluşyk üçin her ýylda goýberiljek puluň möçberiniň 2015-nji ýyla çenli 15% artdyryljakdygy aýdylýar.
Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt kärhanalarynyň käte-käte dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumatlar gowuşýar, emma bu gezekki ylalaşmazlyk we onuň ölçegi öňki wakalar bilen deňeşdirilende has uly.

Türkmenistanda ençeme proýekti amala aşyran we algysyny alyp bilmänligi üçin ýüze çykan ylalaşmazlyklar sebäpli 18 aý türme tussaglygyna höküm edilenligini aýdýan türkiýeli işewür, “Bozbeý” gurluşyk kompaniýasynyň eýesi Faruk Bozbeýiň bu hakdaky pikiri şeýle: “Bu sanawa 20-den gowrak kärhana girýär. Olardan 3-4 kompaniýanyň dawasy eýýäm Ženewada, Gaagada we Waşingtonda ýerleşýän arbitraž sudlarynda dowam edýär. 15 töweregi firma bolsa sud çekeleşigini açmaga taýýarlanýarlar. Birki sany kompaniýa öz algylaryny almak boýunça Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen gepleşikler geçirýärler, ýagny her birimiziň ýagdaýymyz tapawutly”.

Bozbeý Türkmenistan garaşsyzlyk alansoň, aradan kän wagt geçmänkä bu ýurda baryp, maýa goýan biznesmenlerden biri. Ol ilki Türkmenistanyň hökümet resmileriniň özüne juda gowy çemeleşenligini we Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky Fond bilen bilelikde iş alyp baranlygyny belleýär.

Bozbeýiň aýtmagyna görä, agzalýan Fond bilen aralarynda gelnen ylalaşyk esasynda Türkmenistanda “Bozbeý” kompaniýasyna kärendesine ýer berlip, onuň girdejisiniň 30%-i Fonda geçirilmeli edilipdir.

“Bize 5 müň gektar ýer berdiler, biz şol ýere maýa goýduk, aradan 5-6 ýyl geçensoň, sen salgyt tölemeli diýdiler. Emma maňa 21 ýyllap salgyt tölemeli däldigim barada hökümet tarapyndan hat berlipdi, elimde şol kararyň nusgasy hem bar. Emma, muňa garamazdan, “ýok bolanok” diýdiler we geçen 5 ýyly göz öňünde tutup, 1,5 million dollar töweregi salgyt tölemelidigimi aýtdylar. Muňa garşy çykanlygym üçin meniň Türkmenistandaky ähli mal-mülkümi, maşynymy we ähli baýlygymy elimden aldylar, bu döwlete gelişýärmi?” diýip, Bozbeý soraýar.

Bu wakadan soňra ep-esli wagt geçip, ol 18 aý türmede ýatyp, azat edilensoň, Türkmenistandan çykan badyna, Aşgabady suda berýär. Ol hukugynyň kemsidilenligi barada BMG-niň Graždan we Syýasy hak-hukuklar baradaky komitetine ýüzlenýär we ol ýerde gerekli netijäni gazanýar. Hatda bu waka ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan çap edilýän adam hukuklaryna degişli ýyllyk hasabatyň 2010-njy ýyl boýunça ýaýradylan nusgasynda hem agzalýar. Şol hasabatda BMG-niň Adam hukuklary komiteti tarapyndan kabul edilen şol karara salgylanylyp, Bozbeýiň maliýe jenaýaty boýunça bikanun türmä basylanlygy aýdylýar.

1 milliard dollardan geçýär

Häzirki döwürde Bozbeý Türkmenistanda elinden alnan mal-mülki we özüne ýetirilen zyýan boýunça Türkmenistanyň hökümetini ikinji gezek suda bermäge taýýarlanýar. Onuň bu gezzekki şikaýaty Türkmenistanda ýitirenligini aýdýan maliýe zelelini yzyna gaýtaryp almak. Bozbeý şol zeleliniň 81 million dollara barabardygyny aýdýar.

Bozbeý iş açdyrmaga taýýarlanýarka, beýleki bir türk şirketi ”Kylyç Inşaat” Türkmenistany Halkara arbitraž sudunyň Parižde ýerleşýän bölümine bireýýäm tabşyrdy we bu dawa boýunça sud diňlenişiginiň dowam edýänligi habar berilýär.

“Kylyç Inşaat” firmasynyň ýolbaşçylaryndan Mahmut Kylyjyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtmagyna görä, ol 2005-nji ýylda Türkmenistana baryp, gysga wagtyň içinde ençeme gurluşyk proýektlerini, şol sanda Maryda ýerleşýän we öňki prezidentiň adyny göterýän metjidiň gurluşygyny hem tamamlapdyr.

“Biziň amala aşyran proýektlerimiziň puluny tölemediler. Bu ýagdaýa garşy çykanym üçin Türkmenistandan daşary çykmagym gadagan edildi. Ýoluny tapyp ýurtdan çykanymdan soň, Türkmenistany suda berdim. Sudda sudýalara gerekli tabşyryklar berildi. Meniň Türkmenistandan 275 million dollar töweregi algym bar” diýip, Kylyç belledi.

Diňe türk kärhanalarynyň algysy barada gürrüň edilende hem onuň möçberiniň 1 milliard dollardan geçýänligi aýdylýar. Ýöne algyly bolan kompaniýalar diňe türkler bilen hem çäkli däl. Halkara arbitraž sudlarynyň websahypalaryna seredeniňde, Türkmenistany suda beren kompaniýalaryň arasynda Germaniýanyň, Orsýetiň, hatda Argentinanyň firmalaryna-da duş gelmek mümkin.

Elbetde, firmalaryň Türkmenistanyň hökümeti bilen arasyndaky ylalaşmazlyklarynyň sebäpleriniň biri-birinden tapawutly bolmagy mümkin. Ýöne bu ylalaşmazlyklaryň esasy özeni algy-bergi meselesi bilen bagly.

Näme sebäp boldy?

Eýse, bu ylalaşmazlyklara we Türkmenistanyň halkara sudlaryna tabşyrylmagyna sebäp bolýan zat näme? Resmi Aşgabat bu barada anyk bir zat aýdýança, onuň sebäpleri barada doly maglumat bermek kyn. Emma türkiýeli biznesmen Kylyjyň aýtmagyna görä, onuň sebäplerinden biriniň Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy bilen bagly bolmagy mümkin.

“Meniň şirketim 1979-njy ýylda guruldy, Türkiýede we daşary ýurtlarda ençeme uly proýektleri amala aşyrdym. Türkmenistanda tamamlan iň soňky proýektimi Türkmenistanyň prezidentiniň hut özi maňa tabşyrypdy. Ol meniň edýän işlerimden we onuň hilinden juda razydy. Olar bilen meniň aramda hiç hili düşünişmezlik, duşmançylyk ýokdy, olar maňa ynanýardylar. Belki-de, maliýe serişdeleri ýetmäni üçin şeýle ýola baş goşandyrlar” diýip, Kylyç aýdýar.

Bu, elbetde, türkiýeli biznesmeniň öz pikiri. Emma Türkmenistanda hökümet tarapyndan gurluşyga goýberilen serişdeleriň möçberine seredeniňde, ýurtda maliýe taýdan hiç hili kynçylyk ýok ýaly görünýär.

”Türkmenistan.ru” internet neşiriniň şu ýylyň 6-njy fewralynda çap eden maglumatyndan çen tutulsa, hökümet şu ýylyň dowamynda gurluşuk üçin 7 milliard dollar çykdajy etmegi planlaşdyrýar. 2010-njy ýylda gurluşyga harç edilen serişdäniň möçberi 4,8 milliarad dollara barabar bolupdy. 2015-nji ýyla çenli gurluşyk üçin her ýylda goýberiljek puluň möçberiniň 15% artdyryljakdygy aýdylýar.

Emma Türkiýede we käbir beýleki ýurtlarda ýerleşýän we Türkmenistanda dürli gurluşyklary amala aşyryp, algysyny alyp bilmeýän kompaniýalaryň bardygy welin, anyk. Şol bir wagtyň özünde-de bu problema gün geçdigiçe ulalyp barýar. Munden birki aý öň Orsýetiň MTS kärhanasy bilen ýüze çykan maliýe ylalaşmazlyklary ýatdan çykmanka, bu gezek 20 töweregi türk kompaniýasy şeýle şikaýat bilen çykyş edýär.

Bu problemalaryň näderejä baryp ýetenligini Türkiýe bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň 30-njy maýda hut şu mesele boýunça geçiren duşuşygyndan hem aňmak bolýar. Şol duşuşykdan soň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ylalaşmazlyga sebäp boljak hiç hili meseläniň ýokdugyny aýtdy. Iki ýurduň arasynda ylalaşmazlyk bolmasa-da, türk biznesmenleriniň aladasy uly.

Bu waka mundan beýläk nähili dowam eder we ol maýa goýujylaryň nukdaýnazaryndan aýdylanda Türkmenistanyň abraýyna nähili täsir ýetirer? Bu barada häzirlikçe belli bir zat aýtmak kyn.
XS
SM
MD
LG