Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti Saleh özüne gelip başlapdyr


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh Saud Arabystanynyň keselhanasynda geçiren operasiýasyndan soň özüne gelip başlapdyr. Bu barada saudy resmileri habar berýärler.

Saleh ýekşenbe güni özüniň Sanaadaky köşgüne atylan raketa sebäpli ýeten şikeslerden soň, bejergi almak üçin Saud Arabystanyna uçupdy.

Ýemende Salehiň häkimiýetden çekilmegini talap edip, ençeme hepde bäri protestler geçirilýär.

Häzir Ýemeni wagtlaýynça ýurduň wise-prezidenti Abed Rabbo Mansur Hadi dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG