Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan EAG topary bilen ylalaşyk baglaşar


Türkmenistan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş barada Ýewraziýa topary (EAG) bilen ylalaşyga gol çekişmäge taýýarlyk görýär. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti bu ylalaşygy oňlap, “dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny” belledi.

Türkmenistan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş barada Ýewraziýa toparynyň düzümine 2007-nji ýylda goşulyp, geçen ýyl onuň doly ygtyýarly agzasy bolupdy.

Bu topar 2004-nji ýylda döredilip, onuň düzümine Belarus, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Orsýet ýaly döwletler hem girýär.
XS
SM
MD
LG