Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş çaknyşyklaryndan bir ýyl geçdi, parahatçylyk alamatlary göze ilýär


Oşdaky Özbek drama teatrynyň işgäri, Gyrgyzystanyň halk artisti Aýbajy Şabanowa özbek dramasyny ýerine ýetirýär, Oş, 9-njy iýun.
Oşdaky Özbek drama teatrynyň işgäri, Gyrgyzystanyň halk artisti Aýbajy Şabanowa özbek dramasyny ýerine ýetirýär, Oş, 9-njy iýun.
“Kanyşanym koz ýaşy” (“Kanuș hanymyň göz ýașy”) günorta Gyrgyzystanda ýurdy weýrançylykdan gutaran gadymy zenan ýolbaşçynyň hormatyna döredilen özbek dramasy. Adatça özbek dilinde ýerine ýetirilýän bu daramany artistler bu hepde sahnada hem özbek hem-de gyrgyz dilinde ýerine ýetirmekçi. Bu iş öten ýyl günorta Gyrgyzystany çaýkan etniki çaknyşyklaryň bir ýyllygy mynasybetli barlyşyk barada barýan tagallalary goldamak üçin edilýär.

Özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda turan “iýun wakalary” diýlip atlandyrylýan bu çaknykşyklarda 470 adam ölüp, ýüzlerçe öý-jaý ýakyldy we dargadyldy.

Wakanyň bir ýyllygynyň hem howpsuz däldigi belli zat. Gyrgyz hökümeti günortadaky häkimiýetleriň bu wakada oýnan roly barada halkara derejesinde bolan tankytlary ret etdiler. Özbekleriň we gyrgyzlaryň aglabasy bolup geçen ajy wakalardan diýseň gaharda.

Prezident Roza Otunbaýewa (sagda) we parlamentiň başlygy Ahmatbek Keldibekow Oşdaky hatyra çäresinde, 10-njy iýun.
Ýöne, muňa garamazdan, Oş şäherinde gorky şindi-de aýrylyp gitmedik hem bolsa, ýagdaýyň adatdaky akymyna dolanyp gelýändigine şaýatlyk edýän alamatlar göze ilýär. Bular 2010-njy ýylda bolan gazaply hereketlerde goňşuçylykly gatnaşyklaryň doly dargap gitmändigini görkezýär.

Oşuň merkezi Lenin köçesinde ýerleşýän çagalar bagynda çagalar bilelikde oýnaşyp ýörler. Nomer 30-njy mekdebiň okuwçylary hem bu şäheriň etniki taýdan dürli toparlardan durýandygyny görkezýär. Iýun wakalaryndan bäri munda üýtgän zat ýok.

“Mekdebiň işi iýun wakalary gidip durka-da togtamady. Biziň 300 çagamyz bar – gyrgyz, ors, özbek, birnäçesi hem tatar. Olaryň hemmesi bu mekdebi gowy görýärler, bu ýerde özlerini bilelikde rahat duýýarlar” diýip, mekdebiň direktory Salamat Oşenbaýewa aýdýar.

Mamlakat Halberdiýewa özbek. Ol 25 ýyl bäri mugallymçylyk edip gelýär. Onuň aýtmagyna görä, iýun wakalarynyň yzysüre çagalaryň beýleki etniki topara degişli klasdaşlaryndan ýüz öwren mahaly bolupdyr. Olaryň muny öz ene-atalaryndan gören bolmaklary mümkin.

Oşdaky nomer 30-njy cagalar bagynda, 9-njy iýun.
Ýöne wagtyň geçmegi bilen bular ýaly zatlar aýrylyp gidipdir. Halberdiýewa: “Bular çaga, biri-birlerini gowy görýärler. Kimiň kimdigine ähmiýet bermäge sebäbem ýok” diýýär.

Ol soňra hem: “Biziň ene-atalarymyz gowy, düşünjeli. Olar bilen gowy gatnaşygymyz bar, olaryň hem biziň bilen gatnaşygy gowy. Biz özara düşünişmäge synanyşýarys” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Mekdepde sapaklaryň ählisi diýen ýaly ors dilinde geçýär. Ýaşy ulurak çagalar üçin gyrygyzça hem bar. Ýöne özbek dili welin ýok. Muňa hem özbekleriň köpüsi gaharda. Sebäbi olaryň öz dilinde sapak berýän mekdepleri ýanyp, diňe biri galypdyr. Muňa garamazdan, ýaşaýjylaryň aglabasy: “Mekdep meselesi ol diýen gyssagly däl. Sebäbi, günorta regionlarda hemmeler diýen ýaly iki dilde gürleýär, ýa iň bolmanynda iki dile-de düşünýär” diýýärler.

Sabyr Umurzanow (çepde) öz gelni Dilfuza Haşimowa bilen, Oş, 9-njy iýun.
Bu başga meselede şeýle bolmasa-da, söýgi meselesinde welin, şeýle. Dürli etniki toparlara degişli ýaşlaryň arasynda çaknyşyklardan soň hem birek-birek bilen durmuş gurmak aýrylyp gitmändir.

Täze öýlenen Sabyr Umurzanow 27 ýaşly gyrgyz. Ol Oş şäheriniň golaýynda ýerleşýän Arawanda ýaşaýar. Onuň gelni Dilfuza Haşimowa 21 ýaşly özbek gyzy. Umurzakow öňki günleri ýatlap: “Bu meni gaty kösäp, kyn günlere saldy. Maňa gaharlanyp, meniň bilen gepleşmän gezdi. Ýöne indi bu işleri edenok. Etse-de, öňküsi ýaly däl” diýip, ýylgyrýar.

Umurzakow Haşimowa öýlenende hem özbek hem-de gyrgyz däpleriniň ýerine ýetirilendigini aýdýar. Olaryň öýlenmegine dostlarynyň ýa-da maşgala agzalarynyň hiç biri garşy çykmandyr. Ol: “Biz bu ýerde bular ýaly zatlara öwrenişdik. Muňa üns berýän ýok” diýýär.
XS
SM
MD
LG