Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk raýatlary parlament saýlawynda ses berdi


Türkiýe ýekşenbe güni parlament saýlawlarynda ses berdi. Bu saýlaw premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň dolandyryjy partiýasynyň üçünji möhlete hem häkimiýet başynda galmagyna getirer diýlip garaşylýar.

Erdogan şenbe güni Stambulda ses berip, saýlaw netijelerini hormatlajagyny aýdyp şeýle diýdi: “Biz düýn agşam sagat altyda argyn, emma joşgunly bir saýlaw kampaniýasyny tamamladyk. Şonda meýdanda biz öz sözümizi aýtdyk, indi bolsa halkymyz öz sözüni aýdýar. Olar bu gün öz meýillerine ýurdy gelýän dört ýylda kimiň dolandyrmalydygyny kesgitlär we şol karar hem biz üçin iň buýsançly we iň sylagly karar bolar.”

Bu saýlawda 15 syýasy partiýanyň kandidatlary we 200 sany garaşsyz dalaşgär ýurduň 550 orunly parlamentinden ýer almaga synanýar.

Türk lideriniň "Adalat we Galkynyş" partiýasy şol orunlaryň 330-syny almaga dalaş edýär.
XS
SM
MD
LG