Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti Gazagystana sapar edýär


Şu gün Hytaýyň prezidenti Hu Jintao Gazagystana üç günlik resmi saparyna başlady. Ol prezident Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşikler geçirer.

Bu saparynyň dowamynda Hytaýyň prezidentiniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Ýakyn ýyllarda iki ýurduň gatnaşyklary, energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygy has hem ösdi. Häzir Gazagystanyň energetika, transport we beýleki pudaklarynda bir müňden gowrak hytaýly kompaniýa işleýär.

Nazarbaýew geçen fewralda Hytaýa sapar edipdi.
XS
SM
MD
LG