Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

M. Gapurow – şöhrat hem kölege


Muhammetnazar Gapurow Aşgabat şäherindäki gonamçylygyň Hormat alleýasynda jaýlandy.
Muhammetnazar Gapurow Aşgabat şäherindäki gonamçylygyň Hormat alleýasynda jaýlandy.
Geçen asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistana ýolbaşçylyk eden sowet-partiýa we döwlet işgäri Muhammetnazar Gapurowyň hyzmaty onuň ýöreden syýasatynyň üstünlikli taraplary hem kemçilikleri bilen gyzyklanyp, bilermenleriň pikirini soradyk.

Şeýle aýdyň hem ýiti şahsyýet saýylmaýan Muhammetnazar Gapurowyň ýokary wezipelere ýetmeginiň syry nämede?

Köp ýyllap Ylymlar Akademiýasynyň Çöller intitutynda topragyň atmosfera derejesini öwrenip gelen alym, häzir Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Ýaýlym Begow: Muhammetnazar Gapurowyň Türkmenistanyň Kompartiýasynyň 1-nji sekretary wezipesine saýlanmagynda o diýen syr ýokmuka diýip, pikir edýärin. Meniň üçin onuň şol wezipä bellenmegi gaty geňem däl. Sebäbi ol eýýäm ýigrimi iki ýaşynda komsomol işinde işläp başlady. Ol köp ýyllaryň dowamynda komsomol-partiýa işinde baý tejribe ýygnady.

Onsoňam Sowet Soýuzynyň aýratyn bir üns berýän zatlary bardy: islendik ýolbaşçynyň adamlar bilen işläp bilşine, guramaçylyk ukybyna hem-de islendik bir kynçylyk dörände, nähili çykalga gözläp tapyşyna aýratyn üns berilýärdi. Meniň pikirimçe, M. Gapurowda adamlar bilen işleşmek ukyby hem-de guramaçylyk ukyby ýeterlik bolmaly. Eger şolar ýaly bolmasa, ýokary galmagy mümkin däl.

Oba jogalygy hem awtomobil senagaty boýynça bilermen, häzir Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow: Meniň pikirmçe, Muhammetnazar Gapurow özüne tabşyrylan hemme wezipelerde-de Türkmenistanyň ýa türkmen halkynyň däl-de, metropoliýanyň bähbitleri üçin işlemäge ukyply adamdygyny görkezeni üçin, Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň 1-nji sekretarlygyna ýa-da hakykatda aýdanymyzda, Türkmenistan respublikasynyň ýolbaşçylygyna bellenen bolmaly.

Muhammetnazar Gapurowyň ýobaşçylyk usulynyň üstünlikli taraplary näme bolupdy? Ol haýsy ugurdan ukyplydy?

Ý. Begow: Onuň syýasatdan ukyply bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri, öň belläp geçişimiz ýaly, guramaçylyk hem-de adamlar bilen işleşmek ukyby güýçli bolmaly. Dörän ýagdaýa öz wagtynda baha berip bilmegi bolmaly.

Onsoň ýene bir zady bellesek gowy bolarmyka diýýän. M. Gapurowyň Türkmenistanyň Kompartiýasynyň 1-nji sekretary saýlanan wagtynda Sowet Soýuzy geçen urşuň ähli ýaralaryndan saplanypdy. Şol döwürde ýurtda hökümet-partiýa tarapyndan dürli-dürli programmalary, ykdysadyýeti, bilimi, ylmy ösdürmek boýunça bir topar kararlar kabul edildi. Täze institutlar, zawod-fabrikler açyldy. Şol döwürde Sowet Soýuzynyň ýurdy dolandyrmakda problemalary ýok diýen ýalydy. Şonuň üçin şol wagtda M.Gapurowa işlemek aňsat düşdi. Bu babatda oňa bagly diýseňem boljak. Sebäbi Türkmenistanam şo wagtlar eýýäm Garagum kanalynyň özleşdirilmegi, gaz ýataklarynyň açylmagy, 70-njy ýyllaryň başynda Şatlykdan Merkeze gaz turbasynyň çekilmegi M.Gapurowyň işlemegine ýeňillik döretdi diýip aýtsa bolar.

N. Nurmämmedow: Men M. Gapurowyň ýolbaşçylygynyň üstünlikli tarapyny hernäçe gözlesem-de, tapyp bilemok. Ol Türkmenistana ýolbaşçylyk etmekligiň özüne bähbitli taraplaryny saýlap aldy. M.Gapurow barada onuň tarapdarlary ýa-da M. Gapurowyň kömegi bilen wezipe alan adamlar onuň adamkärçilikli adamdygy barada gürlemegi gowy görýärler.

Şunuň ýaly bir gürrüňdeşlikde, men M.Gapurowy öwen bir adamdan: “Onuň gowy tarapy nämeden ybarat?” diýip soranymda, ol şeýleräk jogap berdi: “M.Gapurow duşuşan adamlary bilen iki elläp salamlaşýardy. Ol şol duşuşan adamlaryny ady-familiýasy bilen tanaýardy”.

Ine, onuň bar aýdyp bilen zady. Ol öz mümkinçiligini şunuň ýaly zatlara-da sarp etmelidir. Adamkärçiligi ýadyndan çykaran ýolbaşçydan ýolbaşçy bolmajakdygy belli zat. Bolmanda, onuň gowy ýolbaşçy bolmajagy belli zat. Emma onuň wezipesi döwlete ýolbaşçylyk edip, halkyň maddy hal-ýagdaýyny, medeniýetini ösdürmek, halkyň gelejekde üstünlikler gazanmagyna ýardam etmeklik. Onsoň şeýle wezipäni ýerine ýetirmän, diňe adamlaryň öňünde gowy görünmek bilen çäklenmeklik başarjaň ýolbaşçynyň täri däl.

Muhammetnazar Gapurowyň ýöreden syýasatynyň ýalňyş taraplary nämede?

Ý. Begow: Döwletde bir adam ýolbaşçy işde işläp ýörse, ol barada halkyň arasynda her hili gürrüňler bolýar, nägilelikler bolýar. “Munsy bolmaýar. Bu işleýşi bolmaýar” diýen gürrüňler döreýär. M.Gapurow 1-nji sekretar bolansoň, men halkyň arasynda beýle nägilelik gürrüňleri eşitmedim. M.Gapurowyň göze görnüp duran ýalňyşyny meniň özüm-ä görmedim.

Ýöne başga bir zady göz öňüne getirsek, şol wagtlarda adam hukuklarynyň basgylanýandygy, adam hukuklarynyň doly berjaý edilmeýändigi açykdy. M.Gapurowyň döwründe, mysal üçin, Annasoltan Kekilowany alsak, ol erkin pikiri üçin, dälihana atyldy. Şol ýerde-de aradan çykdy. Ýene bir mysal alsam, bir edarada işleýän bir adam Gurhany çap etdirjek bolanynda, habar KGB düşýär. Muny Kompartiýanyň 1-nji sekretaryna aýdýarlar. Şol günem ideologiýa meselesi boýunça plenum çagyrylanda, şol adam işinden boşadyldy. Muny M.Gapurowyň ýalňyşymy, dälmi, göni aýtmak kyn. Sebäbi o ýerde esasan sistemanyň ýalňyşydy diýip aýdylsa, has dogry bolardy diýip, pikir edýärin.

N. Nurmämmedow: Ilki bilen-ä Muhammetnazar Gapurow özüne tabşyrylan wezipäni tutuşlygy bilen Türkmenistan Kompartiýasynyň 2-nji sekretary Rykow Wasiliý Nazarowiçe tabşyrdy. Ýurduň hakyky ýolbaşçysy W.N. Rykow boldy. Türkmenistan döwletine degişli esasy meseleleri W.N. Rykow çözdi. Mesele çözülmeli bolanynda, Rykowa daýanylýardy.

Muhammetnazar Gapurowam, ondan öň we soň ýurda ýolbaşçylyk edenleriň köpüsi-de abraý bilen wezipeden gidip bilmändi. Eýse, abraý bilen wezipeden çekilmek üçin näme etmeli?

Ý. Begow: Kanuny bozman, dogry işlemeli. Meseläniň birinji şerti şonda.

(Bu sowala graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow jogap bermedi.)

Muhammetnazar Gapurowyň gysgaça terjimehaly:

Muhammetnazar Gapurow 1922-nji ýylyň 15-nji fewralynda Çärjewiň etegindäki obada dünýä indi. 1941-nji ýylda doly däl orta mekdebiň mugallymy bolup işe başlady. 1941-43-nji ýyllarda Watançylyk urşuna gatnaşdy. Frontdan gelip, mugallymçylyk etdi, 1944-nji ýyldan partiýa guramasyna işe geçdi. Soňra komsomol ýolbaşçylaryndan biri boldy. 1954-nji ýylda Çärjewiň pedinstitutyny gaýybana okap gutardy. 1959-nji ýylda Türkmenistan kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary wezipesine bellendi. 1963-69-njy ýyllar aralygynda TSSR Ministrler Sowetiniň başlygy boldy. 1969-njy ýylyň dekabryndan, tä 1985-nji ýylyň dekabryna çenli Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň 1-nji sekretary wezipesine saýlanyp, döwlete ýolbaşçylyk etdi. Ol bu ýokary wezipede 16 ýyllap oturmagy başaran ýeke-täk liderdir.

Muhammetnazar Gapurow 1999-nji ýylyň 13-nji iýulynda Berzeňňidäki daçasynda öli tapyldy. Ol Aşgabat şäherindäki gonamçylygyň Hormat alleýasynda jaýlandy.
XS
SM
MD
LG