Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş hakynda ýatlamalar


Ýazgulyýew: "Häzir Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarymyzam, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzam sanaýmaly, hatda käbir obalarda olar ýogam".
Ýazgulyýew: "Häzir Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarymyzam, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzam sanaýmaly, hatda käbir obalarda olar ýogam".
Faşistik Germaniýa 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda SSSR-iň üstüne çozan gününiň yzysüre, tutuş ýurtda bolşy ýaly, owalbaşda on ýediden-kyrk ýaşa çenli erkek raýatlarymyzyň her biri raýon harby wekilliginde hasaba alnypdyr. Urşuň ilkinji alty aýynda olaryň tas hemmesi diýen ýaly jeň meýdanyna ugradylypdyr. Urşuň başlanyna bir ýyl geçenden soňra elli ýaşa çenli raýatlarymyzyň söweşe alnandygy hakynda taryhçy alymymyz, akademik Ş.Täşliýew 1989-njy ýylda uniwersitetde bize leksiýa beripdi.

Şeýlelikde, tylda zähmet çekmek garry-gurtularyň, maýyp-müjripleriň, aýallaryň, ýetginjekleriň, hatda sekiz ýaşdan ýokardaky çagalaryň boýnuna düşüpdir. Uruş halkyň agzyny birikdiripdir. Elbetde, şol döwürde “Hemme zat front üçin” diýen syýasy şygaryňam täsiri az bolmandyr.

Uruş üçin haýyr-sahawat fonduna elde baryny geçiripdirler. Tylda galan zenanlarymyz her günde 14-15 sagat zähmet çekip, gije bolsa fronta jorap-ellik, žemper örýär ekenler. Duşakly Lallyk han artdyran puluna tank ýasadypdyr. Ýene bir bellemeli zat, SSSR-iň merkezinden wagtlaýyn göçürilip getirilen medeniýet-sungat edaralary, zawod-fabrikler biziň ýurdumuzda bökdençsiz işledilipdir. Uruş ýyllarynda sowet halkynyň doganlyk-dostlugy hasam berkäpdir diýip aýtsa bolar.

Akademik Ş.Täşliýew: “Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Sibire ýa-da beýleki soýuz respublikalaryna sürgün edilip, şeýle-de gös-göni türmeden çykarylyp, günäsini ýuwmak üçin urşa gatnaşdyrylanlaryňam 20 müňden az däldigini belläp, watanymyzdan urşa gidenleriň sanynyň 300 müň töweregidigini aýdyp bileris. Bu bolsa şol wagt ýurdumyzyň ähli raýatynyň dörtden biriniň urşa gidendigini görkezýär” diýip belläpdi.

Nurmyrat Saryhanow, Şaly Kekilow, Agahan Durdyýew, Ahmet Ahundow Gürgenli ýaly ussat ýazyjy-şahyrlarymyz, alymlarymyzam urşa gatnaşyp, Watan üçin şirin janyny gurban edipdirler.

76 gahryman

Ynamdar çeşmelerde ýazylan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan adamlarymyzyň segsen müňe ýakyny jeň meýdanynda şirin janyny gurban edipdir. Aýratyn döredilen türkmen polky uly gahrymançylyk bilen söweşipdir. Uruşda taýsyz gahrymançylyk görkezen türkmenistanly gerçeklerimiziň 76-sy Sowet soýuzynyň gahrymany, 13-si bolsa “Şöhrat” ordeniniň üç derejesiniňem eýesi bolanlygy hakynda SSSR döwründäki taryh okuw kitabyndan okanymyz ýadymda.

Emma taryhçylarymyz uruş ýyllaryndaky arhiw materiallary öwrenip, türkmenistanly gerçekleriň 104-si Sowet soýuzynyň gahrymany, 21-si bolsa “Şöhrat” ordeniniň üç derejesiniň eýesi bolandygyny anykladylar. Olar atma-at resmi derejede bellenýän Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda 2009-njy ýylda türkmen metbugatynda çap edilipdi.

Türkmenistanda Ýeňiş baýramçylygy bellense-de, Beýik Watançylyk urşunyň başlanýandygy resmi derejede ýatlanmaýaram. Has dogrusy, Garaşsyzlyk zamanamyzda Beýik Watançylyk urşy merhum diktator, onuň kakasy, hatda familiýasy soňra üýtgedilen Atamyrat Nyýazow bilen baglanyşdyryldy.

Häkimiýetiň çalyşmagy bilen Beýik Watançylyk urşunyň taýsyz gahrymanynyň ady resmi propagandada üýtgedi. Ýöne munuň özi taryhy ýoýmakdan başga zat däldir. Eger resmi derejede Ýeňiş baýramçylygy bellenjek bolsa, hökman Beýik Watançylyk urşunyň turmagynyň sebäpleri hem halka dogruçyl öwredilmeli hem bu sene her ýyl ýatlanmalydyr.

Şu ýyl Gitlerçi Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagyna dogry 70 ýyl dolýar. Häzir Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarymyzam, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzam sanaýmaly, hatda käbir obalarda olar ýogam. Şonuň üçin döwlet derejesinde bu gamgyn, hökman unudylmaly däl bu sene resmi derejede ýatlanmasa hem, Beýik Watançylyk urşunyň başlamagynyň 70 ýyllyk senesini ýatlap, Beýik Ýeňşiň bolmagyna, dünýä ýüzünde faşizmiň ýok edilmegine goşant eden atalarymyzyň-ene, mamalarymyzyň öňünde baş egýärin.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG