Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Otunbaýewanyň ilkinji ýyly nähili boldy?


Otunbaýewanyň uly üstünlikleriniň biri hökmünde onuň indiki prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmekden saklanmak niýetine ünsi çekýärler.
Otunbaýewanyň uly üstünlikleriniň biri hökmünde onuň indiki prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmekden saklanmak niýetine ünsi çekýärler.

Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti, öňki daşary işler ministri we oppozisiýanyň lideri Roza Otunbaýewa ýurduň ozalky prezidentlerinden we Merkezi Aziýa regionynyň beýleki döwlet baştutanlaryndan çürt-kesik tapawutlanýan şahs. Onuň döwlet başyndaky birinji ýyly nähili boldy?

Roza Otunbaýewanyň şahsyýetiniň umumymilli referendumda biragyzdan makullanmagyna bir ýyla golaý wagt geçdi. Merkezi Aziýa döwletlerinde ilkinji zenan prezident bolan Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň parlament respublikasyna öwrülmegi üçin hem taýýarlyk çärelerini amala aşyran ýolbaşçydyr.

Gyrgyzystanyň öňki daşary işler ministri, diplomat we oppozisioner Otunbaýewa Gyrgyzystanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň prezidentlerinden tapawutlanýar.

Başga lider, başga şertler

Otunbaýewany Merkezi Aziýanyň beýleki liderlerinden tapawutlandyrýan taraplar onuň diňe bir demokratik tejribesi bilen çäklenmeýär. Otunbaýewa özüne çakdanaşa ünsi çekmekden saklanýan ýolbaşçy. Otunbaýewanyň tankytçylary onuň beýleki prezidentler ýaly täsirli däldigini aýdýarlar, emma şol bir wagtda-da onuň puly bisarpa sowmak, korrupsiýa we garyndaşparazlyk ýaly etmişlerde güman edilmeýändigini hem belleýärler.

Otunbaýewa daşary ýurtlara sapar edende, döwlet puluny tygşytlamak üçin ýolagçy uçarlardan peýdalanýar. Şol bir wagtda-da prezidentiň resmi uçaryny, adatça, ýurduň premýer-ministri we parlamentiň spikeri ulanýarlar.

Otunbaýewa gyrgyz, ors we iňlis dillerinde gepleýär. Üstesine, ol şu ýyl Ýewropa eden saparlarynyň dowamynda geçiren duşuşyklaryny fransuz we nemes dillerinde alyp bardy. Dil bilmek meselesinde hem Otunbaýewa Merkezi Aziýanyň beýleki liderlerinden çürt-kesik tapawutlanýar. Otunbaýewa ençeme sapar ozalky hökümetleriň düzüminden çykyp, oppozisiýa goşulan we şu sebäpden gysyş astyna düşen ýolbaşçy.

2010-njy ýylyň aprel aýynda bolan rewolýusiýanyň netijesinde Otunbaýewanyň wagtlaýyn hökümete baştutan edip saýlanmagy onuň Gyrgyzystanyň ozalky režimlerine garşy göreşiniň netijesi hökmunde kabul edilipdi. Emma ol bu wezipesinde agyr pursatda ýurda baştutanlyk etdi.

Kynçylyklar we şowsuzlyklar

Iýun aýynda wagtlaýyn hökümetiň düzümindäki içerki gapma-garşylyklaryň güýçlenen pursatynda Gyrgyzystanyň günortasynda adam heläkçiligine getiren etniki çaknyşyklar ýüze çykypdy. Oş şäherinde ýerli gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda tutaşan gandöküşikli çaknyşyklar Jelalabat şäherine we goňşý welaýatlara tiz ýaýrapdy.

Azyndan 400 adamyň ölümine we müňlerçesiniň ýaralanmagyna sebäp bolan gandöküşikli çaknyşyklar ýurduň ykdysadyýetine hem uly zarba urdy.

Otunbaýewa şol wakalar sebäpli halkdan ötünç sorady. Ol şonda pajygaly wakalaryň jogapkärçiligini öz üstüne almagy we etniki çaknyşyklary derňemek üçin ýurda halkara komissiýany çagyrmagy başardy.

Emma Otunbaýewanyň adyna tankytlar hem edildi. Ol ejizlikde hem aýyplandy. Muňa, hususan-da, onuň öz tankytçylaryna garşy çäre görmekden saklananlygy sebäp bolupdy.

Üstünlikler

Otunbaýewanyň wagtlaýyn hökümetiň başynda saklanmagyna we etniki konfliktleri köşeşdirmegi başarmagyna onuň prezident wezipesindäki esasy üstünlikleri hökmünde garalýar. Üstesine, Otunbaýewa agyr şertlerde ýurduň parlament respublikasy dolandyryş formasyna geçmegi üçin zerur halk referendumyny geçirmegi hem başardy.

Şol bir wagtda-da ençeme synçylar Otunbaýewanyň uly üstünlikleriniň biri
Men prezidenlikden çekilmeli bolaryn. Men biziň regionymyzda häkimiýetden el çekmegiň mümkindigini görkezmek isleýärin.

hökmünde onuň indiki prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmekden saklanmak niýetine ünsi çekýärler.

Şu aýyň başynda Wenada eden çykyşynda Otunbaýewa şeýle diýdi: “Noýabr aýynda bizde prezidentlik saýlawlary bolar. Men prezidenlikden çekilmeli bolaryn. Men biziň regionymyzda häkimiýetden el çekmegiň mümkindigini görkezmek isleýärin. Hakimiýet başyndan çekilmeklik Merkezi Aziýa üçin möhüm meseledir”.

Emma ýetip gelýän prezidentlik saýlawy Otunbaýewa üçin ýene bir uly problema bolup durýar. Gyrgyzystanyň ençeme syýasy wekilleri geçen ýylyň gandöküşikli wakalarynda diňe Otunbaýewanyň hökümetini aýyplap çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG