Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Owganystanyň aýyplamalaryny ret etdi


Şu gün Pakistanyň Goranmak ministrligi soňky günler Pakistanyň güýçleriniň Owganystanyň gündogar regionlaryna raketa oklaryny atandyklary barada owgan tarapynyň bildiren aýyplamalaryny ret etdi.

Bu wakanyň öňýany Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Pakistanyň harby güýçlerini soňky üç hepdäniň dowamynda bu ýurduň territoriýasyna 470 töweregi raketa okuny atmakda aýyplap çykyş edipdi.

Kunar welaýatynyň häkimi Fazlullah Wahidi hem geçen hepde bu welaýata raketa oklarynyň atylandygyny tassyklady we halkara jemgyýetçiligini bu ýagdaýa goşulyşmaklyga çagyrdy.

«Men iki ýurduň arasynda dörän bu ýagdaýa halkara jemgyýetçiliginiň haýdan-haý goşulyşmagyny we parahat ilatyň ejir çekmeginiň öňüni almagyny isleýärin» diýip, Kunar welaýatynyň häkimi Fazlullah Wahidi nygtady.

Ýakynda NATO Owganystanyň bu welaýatyndan öz güýçlerini çykarypdy.
XS
SM
MD
LG