Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Altyn asyryň” sim karty indi hemmelere


Şu hepdäniň birinji gününden paýtagtdaky «Altyn asyr» öýjükli kärhanasynyň filiallarynda welaýat ýazgysynda bolan raýatlara hem sim kartalary almaklyga rugsat edilip başlandy.

Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň çäginde MTS-iň hyzmatlarynyň togtadylmagy netijesinde mobil aragatnaşygyndan peýdalanýan müşderileriň arasynda başagaýlyk başlanypdy. Iki milliondan gowrak abonent bir günde mobil aragatnaşygyndan kesilipdi.

MTS-den mahrum bolan müşderileriň ählisini öz hataryna kabul etmekden ejiz gelen «Altyn asyr» kärhanasy öz sim kartalaryny paýlamakda ýowuz çäreleri girizdi. Aragatnaşyk ulgamynyň pesligi hem-de ýeterlik sim kartalaryň bolmazlygy sebäpli, «Altyn asyr» Aşgabat şäherindäki filiallarynda diňe paýtagtyň ýaşaýjylaryna öz belgilerini satmaga rugsat berdi.

Paýtagtdan «Altyn asyryň» sim kartalaryny alyp bilmedik Aşgabatdaky gurluşyk firmalarynda işleýän işçiler, gün-güzeran dolamak üçin welaýatdan şähere işe gaýdanlar öz ýaşaýan ýerlerinden hem belgi almakda kynçylyk çekip başladylar. Welaýatlara juda az mukdarda sim kartalaryň berilýändigi sebäpli, hatda şu günler hem ol ýerlerde mobil belgisini almak asla mümkin däl diýen ýaly.

Häzirki wagtda «Altyn asyryň» Aşgabat şäherindäki filiallarynda welaýat ýazgysynda bolan raýatlaryň sim karta üçin emele getiren nobaty MTS-iň ýapylan uçuryndaky ýagdaýy ýada salýar. Bu nobatlar zerarly, paýtagtlylar öz telefon belgilerine pul salmak üçin hem esli wagtlaryny ýitirmeli bolýarlar.

Mobil belgisini almak üçin diňe bir paýtagtyň gurluşyk firmalarynda işleýänler ýa güzeran üçin Aşgabat şäherinde kwartirant bolup ýaşaýanlar däl, eýsem paýtagta ýakyn Ahal welaýatynyň etraplaryndan, hatda beýleki welaýatlaryň uzakda ýerleşýän etraplaryndan ýörite gelýänler hem bar.

Sim kartalaryň köp mukdarda paýlanylyp başlanandygyna garamazdan, «Altyn asyryň» aragatnaşygynyň hili juda ýaramaz. Paýtagtyň ýaşaýjylary welaýat ýazgysynda bolan raýatlara täze belgiler paýlanylyp başlanansoň, aragatnaşygyň hiliniň öňküden-de ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG