Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz saýlaw komissiýasynyň öňki we täze toparynyň arasynda dawa turdy


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygy Akylbek Saryýew (ortada), Bişkek, 2010-njy ýyl.
Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygy Akylbek Saryýew (ortada), Bişkek, 2010-njy ýyl.
5-nji iýulda Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygy Akylbek Saryýew Merkezi saýlaw komissiýasynyň töweregindäki gep-gürrüňler barada metbugat konferensiýasyny geçirip, öňki komissiýanyň täze saýlanan komissiýa işlemäge mümkinçilik berip, iş otaglaryny boşadyp berendigini aýtdy.

4-nji iýulda Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki we täze toparynyň arasynda dawa turdy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň täze topary özüne başlyk edip Tuýgunaly Abduraýymowy saýlap, onuň resmi suratda işe başlandygyny yglan etdi. Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygy bolsa muňa garşy çykdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygy Akylbek Saryýew bu ýagdaýa bikanun hereket diýip baha berdi we resmi taýdan olary hiç kimiň iş wezipesinden boşatmandygyny aýdyp, dawa etdi: “Bu ýagdaýa öňki komissiýa agzalarynyň doly iş wezipesinden çekilmegi diýip bolmaz. Sebäbi biz, ýagny öňki komissiýa agzalary, soňky ýagdaýlar barasynda ýurduň baştutanlaryna hat ýolladyk”.

Saryýew bu meseläni hökümetiň özüniň çözmelidigini, şeýle-de Merkezi saýlaw komissiýasynyň täze agzalary bilen baglanyşykly suda ýüz tutulmagynyň mümkindigini sözüniň üstüne goşdy.

Täze toparyň dokuz sany wekili prezident tarapyndan hödürlenip, parlamentde goldaw aldy. Olar öz aralarynda ýygnak geçirip, Tuýgunaly Abduraýymowy Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy wezipesine saýladylar.

Kim mamla?

Emma iki tarap hem öz hereketlerini kanunalaýyk diýip hasaplaýarlar. Saryýew žurnalistlere täze toparyň bikanun saýlanandygyny aýtdy we olaryň beýle howlukmaç hereketine ýokardan berlen görkezme hökmünde baha berdi.

Sişenbe güni Saryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän komissiýa 30-njy oktýabra bellenen prezidentlik saýlawlaryna resmi taýýarlygyň başlanandygyny yglan etdi.

“Kanunda saýlaw kampaniýasy başlananda işläp duran saýlaw komissiýasynyň möhleti saýlawlar tamamlanýança uzaldylýar diýlen madda bar. Eger-de kanunyň şol maddasy işlemeýän bolsa, onda özleri bilýär. Eger-de işleýän bolsa, onda şol maddany amala aşyrmaly. Beýle çalasowat iş edýän bolsak, biz uzaga gitmeris” diýip, Saryýew aýtdy.

Onuň bu pikirine täze Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzasy Işenbaý Kadyrbekow jogap berip, täze komissiýanyň kanuny esasda saýlanandygyny, birinji ýygnagyň geçirilişi bilen öňki komissiýanyň işinin togtadylandygyny aýtdy.

Ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa “Birinji radio” beren iterwýusynda MSK-niň täze agzalarynyň Baş kanuna görä saýlananadygyny, emma bu meseläniň geljekde hem dawa-jenjele sebäp boljakdygyny belläp geçdi: “Ynha görersiňiz, prezident saýlawlaryndan soň dawa-jenjel turuzmak isleýänler üçin bu mesele bahana bolar. Sebäbi Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzalary nädogry saýlandy. Olaryň ýarpysy täze Konstitusiýa görä, ýarpysy könesine görä diýerler. Men muňa göz ýumup bilmerin. Şonuň üçin entek wagt bar. Bularyň hemmesi täze kanuna laýyk bolmaly”.

Gyrgyzystanly analitik Kubat Kožonalyýew Merkezi saýlaw komissiýasynyň töweregindäki bu ýagdaýa şeýle baha berdi: “Kanun boýunça täze komissiýa işlemeli. Emma parlament täze komissiýanyň iki agzasyny saýlamady. Şonuň üçin öňki komissiýa agzalary işe başlabermelidi. Täzesi doly saýlanandan soň, könesi hukuklaryny täzesine tabşyrmalydy”.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň 12 agzasy bar. Geçen hepde Ýokary Geňeş Merkezi saýlaw komissiýasyna teklip edilen sekiz agzany saýlady. Soňky mejlisde prezident Otunbaýewa Merkezi saýlaw komissiýasyna dört agza teklip etdi. Deputatlar olaryň diňe ikisiniň kandidaturasyny goldadylar. Häzir iki agzanyň ýeri boş.
XS
SM
MD
LG