Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky protestlerde 400 adam tussag edildi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň syýasatyna garşy sişenbe güni geçirilen oppozisiýa protestleriniň dowamynda 400 çemesi adam tussag edildi. Bu barada ýurduň adam hukuklaryny goraýjy toparlary habar berýär.

Adam hukuklary boýunça “Wesna” toparynyň maglumatyna görä, çarşenbe güni Minskide azyndan 180 adam, şeýle-de protestleriň geçirilen beýleki regional merkezlerinde 220-ä golaý adam tussag edilipdir.

Çarşenbe günündäki garşy duruş çäresi şu aýyň dowamynda internet toparyň “Sosial seti arkaly rewolýusiýa” diýip atlandyran çagyryşlarynyň esasynda geçirilen altynjy protest boldy.

Ozalky demonstrasiýalarda hem bolşy ýaly, protestçiler aksiýany hiç hili şygar gygyrmazdan ýa-da plakat götermezden dymyşlykda geçirdiler.
XS
SM
MD
LG