Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý öňki prezidentiniň ölendigini inkär edýär


Hytaý ýurduň öňki prezidenti Jiang Zeminiň ölendigi baradaky habarlary inkär edýär.

Hytaýyň resmi “Sinhua” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, “ýurduň daşyndaky habar gulluklarynda Jiang Zeminiň ýaraman aradan çykandygy barada berlen maglumatlar durşuna gybatdyr”.

Çarşenbe güni giçlik Hong-Konguň “Aziýa” telekanaly 84 ýaşly Jiang Zeminiň ölendigi barada habar berdi. Biraz soň telekanal bu habary ýatyrdy. Şeýle-de telekanal bu habary berendigi üçin ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG