Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen oppozisiýa liderleri ýurda dolanmagy planlaşdyrýarlar


Türkmen oppozisiýasynyň liderleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyny kabul etmegi planlaşdyrýandyklaryny mälim etdiler. Berdimuhamedow olary geljek ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga çagyrypdy.

Düýbi Wenada ýerleşýän Türkmenistanyň sürgünlikdäki “Respublikan” partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow we onuň egindeşi Hudaýberdi Orazow bilelikde ýörite beýanat ýaýradyp, ýurda dolanmak üçin, özlerine howpsuzlyk kepilliginiň gerekdigini nygtadylar.

Hanamowyň we Orazowyň pikiriçe, olaryň Türkmenistanyň syýasy durmuşyna dolanmagy ýurtda demokratik özgerişlere getirip biler.
XS
SM
MD
LG