Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby kadrlar ýetmezçilik edýär


Ýokary bilimli harby kadrlar ýetmänsoň, çem gelen ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaş ýigidi harby ugurda işledip bolarmy?
Ýokary bilimli harby kadrlar ýetmänsoň, çem gelen ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaş ýigidi harby ugurda işledip bolarmy?
Ýokary bilimli, işini oňarýan kadrlaryň ýetmezçiligi Türkmenistanda durmuşyň her bir pudagynda eýýäm ençeme ýyl bäri bildirýär. Mekdeplere hem ýokary okuw mekdeplerine mugallymlar ýetmezçilik edýär, medisina ulgamyna iş başarýan lukmanlar, şepagat uýalary ýetmezçilik edýär, oba hojalygyna hünärmenler ýetmezçilik edýär. Garaz, bir ýandan işsizlik, bir ýandan bolsa kadrlar ýetmezçiligi ýurduň ähli pudagynda, ulgamynda bildirýär. Biri-birine çapraz gelýän bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öz sebäpleri bar.

Ýagdaýyň sebäplerini düşündirmezden ozal ýene bir kadr ýetmeýän ulgam hakda-da aýdyp geçeliň. Bu ulgam harby ugur.

Eýýäm üç-dört ýyl bäri ýokary bilimli kadrlaryň harby ugurda ýetmeýänligi sebäpli Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli edaralar, harby komissariatlar ýokary bilimli ýaşlary ýurduň harby bölümlerinde işlemek üçin işe çagyrýarlar. Olar çem gelen okuw jaýyny tamamlan erkek kişileri işe almaga taýýar.

Ýagdaý şeýle bolup durka-da — ýagny, ýokary bilimli kadrlar ýetmezçiligi görnetin duýlup durka-da ýurtda harby kadrlary taýýarlaýan ýokary okuw jaýyna girmek güzaplygyna galýar — hökman para bermeli. Paranyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Para berlende-de harby instituta-da hut ýurduň beýleki ýokary okuw jaýlaryna girmegiň bolşy ýaly, ýerleşmek kyn. Sebäbi, hemmelere mälim bolşy ýaly, okuw jaýlarynyň kabul etmeli talyplarynyň sany berk düzgün astynda ýokardan kesgitlenýär.

Her bir pudakda, ulgamda kadrlaryň ýetmezçiligi hakdaky hakykaty ýurduň ýolbaşçysy bilýärmikä? Ýa-da oňa hakykaty ýetirmäge gorkup, degişli ýolbaşçylaryň özleri ýagdaýa görä gün görüp ýörmükäler? Bu meseleler ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalyp durulmaly, soňra kadrlar ýetmezçiliginiň soňuna çykylyşy hakda açyk gürrüňler bolmaly. Ýöne gazet-žurnallar-da, radio-telewideniýe-de ýurtdaky ýetmezçilikler hakda hiç zat agzamaýar. Şol bir endik edilen öwgüler ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wajyp temasy bolup durýar.

Belki, pudaklardaky hem ulgamlardaky kadrlar ýetmezçilikleri hakda ýurt ýolbaşçysyna ýetirilse, ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemegem mümkin. Ýöne Türkmenistanda orta çykyp, teklip aýtjak ýolbaşçy hem ýok.

Tejribäň bolmaly dälmi?

Ýokary bilimli harby kadrlar ýetmänsoň, çem gelen ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaş ýigidi harby ugurda işledip bolarmy? Harby ugurda işlemek üçin şol ugurdan bilimiň, başarnygyň, tejribäň bolmaly dälmi?

Türkmenistan diňe Eýran bilen Owganystan tarapdan müňlerçe kilometr meýdan bilen serhetleşýär. Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan taraplar hakda gürrüň edilmände-de, Owgan hem Eýran serhedini goramak üçin hem nije esgerler we olara baş öwredýän ofiser kadrlary gerek. Näme üçin ýurduň harby okuw jaýyna her ýyl ýeterlik talyby kabul edip bolmaýar? Özem para berýänleri däl-de, gaýratlylary hem kellelileri? Muny başarmak kyn zat däl. Ýöne bu işi amal etmek üçin ýokardan görkezme gerek. Aşaky basgançagyň haýyşy bilen bu meseläni çözüp bolmaýar. Sebäbi aşaky basgançak haýyş etmegem başarmaýar.

Ikinji bir tarapdan seretseň hem köp ýokary bilimli kadrlar işlemäge iş tapanok. Munuň-da sebäbi ýedi arka baradaky sprawkalar. Geçen asyryň başynda sowet hökümetine garşy bolan adamlaryň çagalary-da ýokarky wezipelere işe alnanok.

7-nji iýulda Abadan şäherinde bolan betbagtçylykly partlama bolsa harby kadrlaryň iň ýokary orunlarda hem ýokdugyny subut edýär. Akylly-başly, işine ökde kadrlar bolan bolsa, ýarag skladyndaky ýagdaý beýle derejä ýetmezdi. Şeýle, ýarag skladynyň partlamasy türkmenleriň ýurdy özbaşdak dolandyrmaga başlan ýyllarynyň başlarynda Mary welaýatynda hem bolupdy. Türkmenistanda korrupsiýa sebäpli, gowy kadrlaryň äsgermezlik edilýän häzirki zamanasynda ýarag skladlarynyň partlamasynyň indi bolmajakdygyna hem doly ynanyp bolmaz.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG