Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul hüjüminde prezidentiň baýry kömekçisi we deputat öldürildi


Şenbe güni owgan paýtagtyndaky öýüne edilen hüjümde prezident Hamid Karzaýyň baýry kömekçisi öldürildi.

Uruzgan welaýatynyň öňki gubernatory Jan Mohamad Hanyň Karzaýyň ýakyn maslahatçylarynyň biri bolandygy aýdylýar.

Içeri we Goranmak ministrlikleriniň resmileri Uruzgan welaýatyndan saýlanan parlament agzasy Mohammad Haşem Watanwalyň hem şäheriň günbataryndaky Karti Çar etrabynda bolan hüjümde öldürilendigini aýtdylar.

Karzaýyň dogany Ahmad Wali Karzaýyň Kandahar welaýatynda, öz janpenasy tarapyndan öldürilenine bir hepde hem dolmanka guralan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Düýn NATO güýçleri Bamiýan welaýatyny owgan howpsuzlyk güýçlerine tabşyrdylar. Bamiýandan başlanan geçiş prosesi 2014-nji ýylyň ahyrynda soňlanmaly.
XS
SM
MD
LG