Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji ilçihanasynda demonstrantlara we suratçylara hüjüm edildi


Düýn Kiýewdäki gürji ilçihanasyndan çykyp gelýän bir adam ilçihananyň agzyndaky çyplaň demonstrantlara we olaryň suratyny alýan suratçylara hüjüm etdi.

Ukrainanyň Femen syýasy hereketiniň üç agzasy Kiýewdäki gürji ilçihanasynyň işiginde çyplaň geýnip, şygarlara gygyryp, demonstrasiýa geçirýärdi.

Ilçihanadan çykyn gelýän adam bilinden ýokarsy çyplaň aýallara şarpyk çaldy.

Femen hereketiniň agzalary çyplaň geýnip, öz demonstrasiýalaryna üns berdirmäge çalyşýarlar. Olar Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen üç fotožurnalist üçin protest bildirýärdiler.

Protestçi aýallary uran adam olary surata alýan ondan gowrak suratça hem ýumruklary we aýaklary bilen hüjüm etdi. Ol özüniň kimdigini aýtmady.
XS
SM
MD
LG