Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri telefon derňewiniň togtadyljak bolanyny ret edýär


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron öz kömekçileriniň “News of the World” gazetinde telefonlaryň diňlenendigi baradaky derňewi togtatjak bolmandyklaryny aýtdy.

Kameron parlamentiň adatdan daşary sessiýasynda çykyş edip, bu hili aýyplamanyň “düýpden ýalňyş” boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu gazetiň ozalky redaktory Endi Koulsony aragatnaşyk başlygy edip işe almak baradaky başky kararyny gorap çykyş etdi.

Koulson şu aýyň başynda, “News of the World” gazetiniň žurnalistleriniň telefon diňlenişiginden habarly adam hökmünde tussag edildi.

Häzir ýapylan gazetiň žurnalistleri alty ýyl çemesi wagt içinde dört müň çemesi adamyň telefonyndaky ses ýazgylaryny diňläpdirler.
XS
SM
MD
LG