Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB Türkmenistana 125 million dollar karz berdi


Aziýanyň ösüş banky Türkmenistana Merkezi Aziýadan Eýrana çenli uzaýan demir ýoluň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 125 million dollar karz berdi.

Resmi türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, karz ýeňilleşdirilen şertlerde berlipdir, ol 25 ýylyň dowamynda üzülmeli.

Mart aýynda tassyklanan bu karz pul demir ýoluň ugrunda elektrik, aragatnaşyk serişdeleriniň oturdylmagy üçin niýetlenendir.

Uzynlygy 934 kilometre barabar bolan demir ýol Gazagystandan başlap, Türkmenistanyň üstünden geçip, Eýranda tamamlanlar.
XS
SM
MD
LG