Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň ilkinji kardinaly Swiontek aradan çykdy


Belarusdaky Rim Katolik ybadathanasy ýurduň ilkinji kardinaly Kazimir Swiontegiň 96 ýaşynda aradan çykandygyny aýdýar.

Swiontek 1914-nji ýylda Estoniýada dogulýar we üç ýaşynda maşgalasy bilen Sibire sürgün edilýär. Ol 1939-njy ýylda, häzirki Polşada ruhany bolýar we 1941-nji ýylda sowetler günbatar Belarusy basyp alanda tussag edilýär. Swiontek 1944-nji ýylda gaýtadan tussag edilip, 10 ýyl Sibirdäki we Arktikadaky zähmet lagerlerine iberilýär.

Soň ol, dini yzarlamalara garamazdan, günbatar Belarusdaky Pinsk şäherinde ruhany bolup gulluk edýär. Pop Jon Pol ikinji 1994-nji ýylda Swiontege kardinal derejesini berýär.

Belarusyň ilatynyň dörtden bir bölegi katolik hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG