Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa derýasynda 9 adam gark bolup öldi


Orsýetiň Derňew komiteti Moskwa derýasynda gezelenç edilýän gaýygyň gark bolmagy sebäpli 9 adamyň ölendigini, olaryň 8-siniň ýolagçydygyny, gaýygyň kapitanynyň hem heläk bolandygyny tassyklady.

Ýedi adama halas bolmak başardypdyr, olaryň biri Türkiýänin graždany.

Gaýyk şenbe güni gije ýük çekýän gämä baryp urdy. Suw transportuny ulanmagyň düzgünlerini bozmak boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Gaýygyň eýesi we kapitany Gennadiý Zingeriň öňem suwda tizligi artdyrandygy üçin administratiw jogapkärçilige çekilendigi habar berilýär.

Üç hepde ozal Wolga derýasynda bolan gämi heläkçiliginde 122 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG