Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň we Liwanyň esgerleriniň arasynda atyşyk boldy


Ysraýylyň we Liwanyň serhedinde iki ýurduň esgerleriniň arasynda garşylyklaýyn atyşyk boldy. Bu wakanyň ýüze çykmagynda iki tarapyň harbylary hem birek-biregi günäkärleýärler.

Ysraýyl harbylarynyň aýtmagyna görä, ysraýyl esgerleri serhetde iş geçirip ýörkä, Liwanyň esgerleri olara garşy ot açypdyrlar. Şondan soň ysraýyl esgerleri garşylyk beripdirler.

Liwanyň harby resmisiniň nygtamagyna görä, olar diňe Ysraýylyň esgerleri serhedi bozup geçen wagty ot açyp başlapdyrlar.

Adam ýitgileri ýa-da ýaralananlar barada maglumat gowuşmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG