Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylly serb Swetkowiç Bosniýa ekstradisiýa ediler


Ierusalimiň sudy 1992-1995-nji ýyllarda Bosniýa urşunda müňlerçe musulmanyň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplanýan ysraýylly serbiň Bosniýa ekstradisiýa edilmegini tassyklap, karar çykardy.

Sud Aleksandar Swetkowiçiň Saraýewoda ýerleşýän uruş jenaýatlary suduna ugradylmagy boýunça höküm çykardy. Swetkowiç bosniýaly serb bolup, ol ýewreý aýalynyň üsti bilen Ysraýyl raýatlygyny alypdy.

Swetkowiç şu ýylyň ýanwarynda Bosniýa resmileriniň haýyşy esasynda tussag edilipdi. Oňa 1995-nji ýylyň iýulynda Srebrenisanyň golaýyndaky Branjewo fermasynda 1,000 töweregi bosniýaly musulmanlara garşy ot açan adamlaryň arasynda bolmakda şübhe bildirilýär.

Swetkowiç 2006-njy ýylda Ysraýyla göçüp barypdy.
XS
SM
MD
LG