Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudy şazadasy dünýäniň iň beýik minarasyny gurdurar


Saud Arabystanynyň şazadasy Alwaleed bin Talal dünýäniň iň beýik minarasyny gurmak boýunça gurluşyk kompaniýasy bilen ylalaşyga gol goýdy.

Umumy bahasy 1,23 milliard dollara barabar bolan şertnama “Bin Laden Group” kompaniýasy bilen baglaşyldy.

Jedda şäherinde guruljak minaranyň beýikliginiň 1,000 metre deň boljakdygy çak edilýär. Ol bäş ýylyň dowamynda gurlar.

Häzir dünýäniň iň beýik minarasy Dubaýda ýerleşýär. Burj Halifanyň beýikligi 828 metre barabardyr.
XS
SM
MD
LG