Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan synag gününde mobil internetini we SMS-i togtatdy


Özbegistandaky mobil operatorlary ýurduň uniwersitetlerine giriş ekzamenleriniň tabşyrylýan gününde, mümkin bolan aldawçylygyň öňüni almak üçin, interneti we telefonda hat ýollamagy duruzdylar.

Internetde çap edilýän gazeta.uz ýurtdaky bäş mobil operatorynyň “telekommunikasiýa setlerindäki tehniki hyzmat boýunça gyssagly işe” salgylanyp, mobil internetini we hatdyr surat ýollamagy dört sagatlap duruzandygyny habar berdi. Ýöne sesli hyzmatlaryň arasy üzülmedi diýip, gazeta.uz ýazýar.

Bu çäklendirme diňe ekzamen tabşyrýanlara däl, eýsem ýurduň mobil telefon ulanýan 19 million çemesi ilatyna täsir ýetirdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, häkimiýetler ekzamen tabşyrýanlaryň mobil internetini we hat ýollamagy mugallymlary aldamak üçin ulanmaklaryndan ätiýaç edipdirler.

Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň gür ilatly ýurdy bolup, bu ýerde 28 million adam ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG