Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žirinowskiý: "Barymyz sütemiň ähli görnüşine garşy"


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň wise-spikeri, Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň (OLDP) lideri Wladimir Žirinowskiý Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiosynda.
Orsýetiň Döwlet Dumasynyň wise-spikeri, Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň (OLDP) lideri Wladimir Žirinowskiý Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiosynda.
Oppozisiýa Orsýetde ýekeje saparam häkimiýete parahatçylykly ýol bilen gelmedi. Ýöne ýakyn geljekdäki on ýylyň içinde başga bir komandanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyşyny, başga bir partiýanyň köplüginiň koalisiýasyny emele getirişini görüp bileris.

Biziň gürrüňdeşimiz Orsýetiň Döwlet Dumasynyň wise-spikeri, Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň (OLDP) lideri Wladimir Žirinowskiý. Wladimir Wolfowiç, siz Kremlde bolduňyz. “Watanyň öňündäki hyzmatlary üçin” diýen ordeniň üçünji derejelisine mynasyp bolduňyz. Gutlaýaryn!

Wladimir Žirinowskiý: Sag boluň!

Mihail Sokolow: Şu ordeniň ikinji derejelisini, hatda birinji derejelisini hem aljagyňyza ynamyňyz barmy?

Wladimir Žirinowskiý: Düzgün boýunça ara iki ýyldan az maý salnanok. Has dogrusy, bäş ýyldan bir gezek, on ýyldan bir gezek berilýär. Şu ordeniň üç derejesine-de ýetmegiň arzuwynda. Ýöne özüm-ä hiç haçan şeýle maksat goýmandym. Şu meselede men ölüp-öçüp barýanlardan däl.

Şu zatlary ýörite arzuw edýän adamlar bar. Men olara duýgudaşlyk bildirýärin. Raýatlaryň köpüsiniň ömürleriniň dowamynda özleriniň zähmetlerine mynasyp baha alaryny isleýärsiň. Emma dünýäniň gurluşy başgaça. Kremlde sanaýmaly adam baýrak alýar. Mynasyplar welin ýüz müňlerçe, millionlarça.

Mihail Sokolow: Geliň, siziň ýurt içindäki saparlaryňyza degip geçeliň. Köp kişi size partiýany wagyz etmek şüweleňine başlady diýip hasaplaýar. Kanun boýunça oňa saýlawyň öň ýanyndaky şüweleň diýip boljak däl. Ýöne, herhal, partiýanyň abraýyna çapylýany duýdurýar. Mysal üçin, Moskwanyň köçelerinde OLDP-niň plakatlary görnüp başlady. Siziň özüňiz Ižewskide hem-de Iwanowoda bolup geldiňiz. Heniz bat almaga irräk dälmi?

Wladimir Žirinowskiý: Biz 22 ýyl bäri şeýdip gelýäris. Biziň esasy serişdämiz—diňe wagyz. Ähli işi öňünden edýäris. Ýaşlara ýol açýarys. Häzirem deputatlyga kandidatlaryň ortaça ýaşy—32 ýaş. Bäş çagyrylyşyň hemmesinde-de OLDP fraksiýasy iň ýaşy bolupdy. Ortaça 40 ýaş. Galanlarynyň ýaşy ulurak. Biziň aramyzda sazandalaram, aýdymçylaram, sportsmenlerem ýok, hiç hili meşhur adamlaram ýok.

Tutuş ýurdy onlarça sapar söküp çykdyk. Haýsy şähere barsaň, “Žirinowskiý bizde boldy, OLDP-den geldiler” diýip aýdýarlar. Ýöne täze nesil ýetişip gelýär. Adamlaryň bizi ýene-de göresleri gelýär, sözümizi eşidesleri gelýär.

Barnaulda şeýle bir wakanyň şaýady boldum. Duşuşyklaryň birinde ýaş ýigit ejesiniň biznesini basyp almak üçin çozuş barynyň edilendigini, ejesiniň muňa gahrymanlarça garşylyk görkezenligini, iň soňunda-da ony dälihana dykandyklaryny aýtdy. Tüýs sowet döwrüne mahsus waka!

Mihail Sokolow: Ýerli ýagdaýda haýsydyr bir biznesmeniň dälihana gabalmagy bilen Hodorkowskidir Lebedewiň türmä dykylmagynyň arasynda näme tapawut bar? Bularyň hem biznesini ellerinden aldylar. Siz ownuk biznesmeniň-ä tarapyny tutýaňyz, iri biznesmeniň tarapynam çalaňzok?

Wladimir Žirinowskiý: Ownuk biznesmen—halal, gowşajyk, onuň üýşüp ýatan baýlygy ýok. Bolaýsa, aýda 50 müň rubl girdeji bardyr. Hodorkowskiniň we şoňa meňzeşleriň girdejileri milliardlarça we milliardlarça. Bärde tapawut örän uly.

Mihail Sokolow: Siz olar türmede oturmaly diýjek bolýaňyzmy?

Wladimir Žirinowskiý: Ýok, beýle däl. Biz hiç haçan “oturmagyň” tarapdary bolmandyk. Ýöne eger-de gan dökülen bolsa, puldan ýurduň çäginden daşary geçirilen bolsa, salgyt tölemekden boýun gaçyrylan bolsa—şunuň netijesinde-de biziň barymyz býujetiň girdeji böleginden mahrum bolan bolsak, onda, goý, jogap bersinler. Diňe bir Hodorkowskiý däl, şolar ýalylar juda köp. Olar onlarça we ýüz müňlerse. Size, ynha, Hodorkowskiniň oturany ýaranok. Beýle bolsa, geliň, sud yzarlanmalarynyň sütemini çekip ýörenleriň hemmesini-de goralyň. Siz welin diňe Hodorkowskä hossar çykýarsyňyz, beýlekileri bolsa alga-da almaýarsyňyz. Ýa-da, ynha, Nemsowy alyp göreliň. Orsýetden daşyna çykjak bolanda ony ýarym sagat sakladylar. Şonda ABŞ-nyň Kongresi, Ýewropanyň parlamenti goşuldy. Haçanda OLDP-ni saýlawlara goýbermänlerinde hiç kim goşulmady! Haçanda OLDP-niň registrasiýasyny ýatyranlarynda hiç kim jyňkyny çykarmady.

Mihail Sokolow: Internetden bir sowal bar: “Häzirki liberallar—Nemsow, Kasýanow partiýaňyzyň ady bilen çalymdaşlykda siz üçin duşmanmy ýa-da soýuzdaş?”

Wladimir Žirinowskiý: Eger-de programma ýörelgelerinden ugur alsaň, onda biziň barymyz meňzeş. Men hatda muny kommunistlerem goldar diýip pikir edýärin. Garaşsyz sud, erkin metbugat, erkin saýlawlar—ine, üç pursat. Şu ýerde ählimiziň pikirimiz deň gelýär. Biziň barymyza garaşsyz sud gerek. Şonda hiç hili Hodorkowskilerem bolmaz, Ýegizarýanlaram bolmaz.

Metbugat kimdir birleriniň bähbitlerini aramak üçin däl-de, ýurtda bolýan zatlary beýan etmek üçin gerek. Elbetde, azat saýlawlaram gerek. Biziň barymyz şu ýylyň dördünji dekabrynda we geljek ýylyň dördünji martynda geçenkiler bilen deňeşdireniňde iň erkin saýlawlar bolar diýip garaşýarys.

Mihail Sokolow: Näme üçin?

Wladimir Žirinowskiý: Aý, näme, aý-gün ötüp barýar. Başga nesil. Şu günki gün döwlet baştutany bar zady bilýär. Haçanda biz oňa haýsydyr bir habary ýetirmekçi bolanymyzda, ol şeýle diýýär: “Men muny eýýäm internetden aldym”. Ýagny adamlar gös-göni onuň özüne ýazýar. Munuň nähili ajaýyp zatdygyna düşünmek gerek!

Ozallar Brežnewe ýetip bolmazdy. Meniň özümem oňa ýazypdym. Bu ýerde welin ýurduň baştutany gözümiziň alnynda bar zatdan habarly. Muňa, elbetde, örän ýokary derejedäki bar zatdan habardarlyk diýip aýtsa bolar. Ol häzirki zaman, täze görnüşdäki ýolbaşçy.

Mihail Sokolow: Ynha, şeýle diýip soraýarlar: “Siz öz döwründe Ýelsini ýiti tankytlardyňyz. Näme üçin Putini beýle tankytlamaýarsyňyz?” Gorkunçmy?

Wladimir Žirinowskiý: Hiç hili gorkunç zat ýok! Müň sapar tankytlaýarys. Biziň saýtymyza giriň. Şonda näçeräk tankydyň bardygyny görersiňiz. Diňe metbugat mälim edenok. Ýelsiniň döwründe çalaja asgyrdygyň—metbugat bada-bat habar berýärdi. Nirede näme aýtsak şeýledi. Entek parlamente gelmänkäm, ýekeje deputaty bolmadyk partiýanyň liderikäm şeýledi. Meniň her bir sözümi, her bir habarymy ähli kanal şol günüň özünde ýaýradýardy. Häzir başga sistema.

Mihail Sokolow: Siziň Liwiýadaky ýagdaý baradaky pikiriňizi bilesim gelýär. Kaddafi bilenem duşuşypdyňyz. Kaddafi ýeňlip dur-a!

Wladimir Žirinowskiý: Dagy näme! Tutuş Ýewropa, NATO onuň kastyna çykdy. Gijesi-gündiz bombalaýarlar. Iň ýokary dürs ýaraglary bilen. 6 million ilatly kiçijik ýurt onuň garşysyna nädip dursun.

Mihail Sokolow: Ýurduň ilatynyň ýarysy Kaddafä garşy.

Wladimir Žirinowskiý: Dünýäniň islendik ýurdunda bu hemişe şeýle bolupdy. Geliň, Fransiýanyň ýarysyny bombalalyň. Fransiýanyň ýarysy Sarkozä garşy bolar. Eger tutuş dünýä Merkeliň garşysyna birleşse, onuňam ýagdaýy şundan enaýy bolmaz. Hana, Norwegiýada bir topar adamyny gyrgyna beren haramzadany şol ýurtda gowy görýänlerem bar. Adamlary haýsydyr bir baýdagyň sapyna düzmek ullakan mesele däl. Ýöne olar nämäniň astyna düzülýärler.

Liwiýa iň ýokary ýaşaýyş derejeli, tutuş Afrika boýunça ilatyň adam başyna düşýän girdejisi-de iň ýokary. Olar näme isleýär? Kaddafi ol ýerden gitse, öldürseler ýa-da gidirseler, ýurtda başagaýlyk başlanar. Yrakdaky ýaly. Saddam Hüseýni asdylar. Yrakda näme üýtgedi? Häzirki ýagdaýdan yraklylaryň özi närazy. Owganystanda nämeler boldy? Eýýäm meniň planym boýunça Owganystany bölmek isleýärler. Bularyň barysy halkara syýasaty.

Men Kaddafiniň, Saddam Hüseýniň ýüzüni ýuwmak islämok. Ýöne olar agdarylandan soň, ýagdaý beterleşdi. Saddam Hüseýniň döwründe ýylda ýüz adam wepat bolýardy. Onda-da nähili wepat bolýardy. Barlag komissiýasy ähli dükany aýlanyp çykýardy. Eger-de bahalar bellenileninden ýokary bolsa, onda şonuň üçin atuwa gidilýärdi. Halkyň arzan haryt satyn almaga mümkinçiligi bolar ýaly şeýdilýärdi. Bu günki gün ol ýerde onlarça müňläp gyrylýarlar!

Mihail Sokolow: Ýöne Orsýete tutuş dünýäniň garşysyna gitmek, megerem, gerek däldir. Şonuň üçinem Orsýet Liwiýa boýunça rezolýusiýany goldady. Dogrumy?

Wladimir Žirinowskiý: Biz rezolýusiýany ýönekeý ilatyň garşysyna sütem edilmesin diýen nukdaýnazaryndan goldadyk. Müsürde-de şeýle. Biziň barymyz sütemiň ähli görnüşine garşydyrys.

Bizem, sizem adamlaryň häkimiýetiň başynda köp-köp ýyllaryň dowamynda oturmagyna garşy. Kaddafi 42 ýyllap häkimiýetiň başynda. Heý, beýle-de bir zat bormy! Mübärek 30 ýyldan gowrak oturdy. Ben Ali—23 ýyl. Muňa ýol bermeli däl! Lukaşenko 20 ýyllap häkimiýetiň başynda oturar. Şonuň üçinem, geliň, birleşeliň. OLDP şu meselede 100 sapar kanun teklip edipdi. Aňrybaş möhlet—10 ýyl. Geliň, ýaş babatda-da çäk goýalyň. Aňrybaş ýaş—70 ýaş.

Mihail Sokolow: Ýöne Andreý Karaulow başga pikirde: “Putin Orsýet üçin ömürlik, oňa Biribar kömek edýär” diýýär.

Wladimir Žirinowskiý: Diýen-aýdan kändir. Ýöne Putiniň özi-hä şeýle pikir edýänem däldir, muny isleýänem däldir diýip magat aýdyp biljek. Şeýle pikirleri öňe sürýän adamlar hemişe-de tapylypdy. Orsýetde nähili mesele bar? Bizde 1150 ýylyň içinde oppozisiýa häkimiýetiň başyna ýeke saparam gelmedi! 1150 ýylyň içinde ýeke saparam gelip bilmedi!

Mihail Sokolow: Siz saýlawlar arkaly parahatçylykly ýol bilen häkimiýet başyna gelinmegini göz öňünde tutýansyňyz-la?

Wladimir Žirinowskiý: Parahatçylykly ýol bilen diňe saýlawlar arkaly. Her dürli häkimiýet agdarylyşyklary, jebir-sütemler, patyşanyň ganyna galynmagy—beýle zatlar näçe diýseň bolupdy. Emma parahatçylykly ýol bilen ýeke saparam häkimiýete gelinmedi! Ynha, Ýelsin—häkimiýet agdarylyşygy. Belowež tokaýlygy, GKÇP (Adatdan daşary ýagdaýlaryň döwlet komiteti).

Mihail Sokolow: Ýöne GKÇP-ni Ýelsin başlamandy. Dogry dälmi?

Wladimir Žirinowskiý: Kimiň başlanynyň tapawudy ýok. Netije—häkimiýete kadasyz ýol bilen gelmek. Munuň özi saýlawlar däl. Munuň özi azatlyk däl, munuň özi demokratiýa däl. 1999-njy ýyl ýadyňyzdamy? Ol gözüni ýaşlap wezipesinden çekilipdi. Şonuň üçinem häzire çenli häkimiýet başyna arassa ýol bilen gelinmändi. Ýöne arassa ýol bilen gelner! Emma men haýsydyr bir komandanyň ýakyn on ýylyň içinde prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjagyna, başga bir partiýanyň beýleki bir partiýa bilen parlament köpçüliginiň koalisiýasyny döretjegine ynanýaryn.

Biz eýýäm kanun teklip etdik. Ýöne ol geçenok. Biz her gün kanunlary orta çykarýarys, ýöne olaryň biri-de kabul edilmeýär. Biz hiç haçan bir partiýanyň—“Ýedinaýa Rossiýanyň-da”, OFKP-niň (Orsýet Federasiýasynyň kommunistik partiýasy), OLDP-niň-de agalyk etmezligi üçin mandat alnyşynyň möhletini 40% kemeldilmegini teklip etdik. Ýekeje partiýa-da 40%-den artyk alyp bilenok.

Mihail Sokolow: Haçanda—“Ýedinaýa Rossiýalylar” artykmaçlygy isleýärkäler munuň bilen kim razylaşar?

Wladimir Žirinowskiý: Biz hukuk esaslaryny teklip edýäris. Biz diňe adalatly saýlawlary isleýäris. Olar hiç zady alyp bilmez.

Mihail Sokolow: Olar diýýäniňiz Birleşek fronty döredýärler!

Wladimir Žirinowskiý: Hawa, olar front! “Görýäňizmi, fronty goldadylar, fronta tutuş ýurt girdi” diýmek üçin edilýär. Elbetde, bu biziň hemmämize, ilkinji nobatda-da, OLDP-ä ýaranok.

OFKP öz ýoly bilen gitdi, olaryň meýletinçileri (opolçeniýe) bar. Ine-de size bir tomaşa garaşýar: bir tarapdan front—aklar, Zýuganowyň milletçileri—gyzyllar. Ýene-de 1917-nji ýyla gaýdyp gelmek—aklar hem-de gyzyllar. Kim kimi ýeňer? Bu sapar aklar gyzyllary paýhynlar. Bu biziň hemmämize-de derkar däl. Geliň, aklaram, gyzyllaram aýralyň-da, OLDP-ni goldalyň!

Mihail Sokolow: Saýlawlara nähili şygar bilen barýarsyňyz?

Wladimir Žirinowskiý: Orslar üçin! Ýönekeýden gysgaça şygar. Näme üçin? Biz islendik hukuk kemsidilmelerine garşy. Ýöne soňky ýyllaryň içinde ors halky töwekgelçilikli zolaga, hukuk kemsidilmeler zolagyna düşdi. Biz orslaryň beýleki halklar bilen deň hatarda umumy Watanymyzyň ähli eşretlerinden peýdalanmagyny, olaryň özlerini kemsidilen halk hökmünde duýmazlygyny isleýäris.

Mihail Sokolow: Muňa beýleki halklar öýkelezmi?

Wladimir Žirinowskiý: Biz başgalara: tatarlara, başgyrtlara, ýakutlara, burýatlara, ähli beýleki halklara garaýşymyzyň örän oňatdygyny düşündireris. Ýöne 90 ýylyň içinde, sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda hut ors halky ejir çekdi. Biziň bar isleýänimiz şu. Beýleki halklaryň hiç birini kemsitmeli däl.

Beýlekileriň barysy bu hakda hatda gürläsleri-de gelenok, biz welin gürläris!

Orslar üçin!

Mihail Sokolow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti. Söhbetdeşlik gysgaldylan.
XS
SM
MD
LG