Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wezipeden gorkmak


“Kazy (sudýa) ýa-da prokuror, polisiýa işgäri bolup işläp ýören gyza öýlenermisiňiz?” Bu sowala her kim öz ýanyndan jogap beräýsin.

Ýöne, türkmen ýigitleriniň köpüsi welin beýle kärdäkilere öýlenmekden çekinýärler. Ýuridiki bilimi alyp ýörkäler, kursdaşlar biri-biri bilen ümi alşyp, durmuş gursalar, elbetde, bu başga zat. Ýöne talyplykda ýan ýoldaşy saýlaman, özem ýuridiki bilim alyp, sudda, prokuraturada, polisiýada işläp başlaýan gyzlara soňra durmuş gurmak aňsat düşmeýär.

Belki, olaryň biziň saýlap-seçip, türkmen öýüniň dulundan tapyp alýan, agzy ýaşmakly gelinlerimizden has adamkärçilikli, has edaly, has mylakatly bolmaklary-da mümkin. Barybir, sada türkmenlerde sudýa, prokuror, häkim, polisiýa işgäri ýaly kärlerde işläp ýören gyzlara söz aýtmakda gorky bar. Talyp wagtlary biri-birine sataşan bolaýmasalar, hatda özleri sud, prokuratura edaralarynda işläp ýören oglanlar hem kazy, prokuror, häkim, polisiýa işgäri bolan gyza öýlenmäge kän bir höwes etmeýärler.

Kazy hem prokuror gyzlar gahary gelen halaty alaga-da, ýan ýoldaşyny türmä ugradyp goýberäýer öýdüp gorkulýarmy? Ýa-da gijesini gündiz edip işleýän sud, prokuratura, polisiýa işgäri bolan gyzlar gijäniň bir mahaly işden dolanyp, ýan ýoldaşa derekli nahar bişirip bermez öýdülip gorkulýarmy? (Türkmenlerde heniz öýe hyzmatkär tutmak endigi girenok. Öz hojalygyna her kimiň özi serenjam bermeli.) Kä ýigitler-ä gijäniň bir wagtyna çenli işleýän kazy, prokuror, polisaý gelniň özüni öýüň hyzmatkärine öwrer öýdüp gorkýarlar.

Garaz, kanun goraýjy edaralardaky wezipeli gyzlara öýlenmekden gorkulýar. Umuman alanyňda, türkmenlerde feodal häsiýetler ösenräk. Olar öýe gelen gelniň özlerine hyzmatkär bolanyny gowy görýärler. Aýala hyzmat etmegi türkmen erkekleri halamaýarlar. Hatda (halys intelligent maşgala bolaýmasa) türkmen ýigitleriniň käbiri diňe bir sud, prokuratura, polisiýa işgärine öwrülen gyza däl, hatda islendik bilimi alan ýokary bilimli gyza öýlenmegi-de halamaýarlar. Ençeme türkmenler üçin gelin diňe öýüň nahary, kir-çägi bilen bolup ýörse gowy bolýar.

Dogrusyny aýtsaň, köp türkmenler diňe bir kazyýetde, prokuraturada, polisiýada işleýän gyzlary gapylaryna gelin edip getirmekden däl, eýsem şu agzalan edaralarda işleýän aýalyň ýa-da erkegiň gyzyna söz aýtmakdan-da çekinýärler. Sebäbi ol adamlar soňky gün ogullarynyň başyna bela getirer öýdüp gorkýarlar.

Nireden gelip çykdy?

Bu gorkularyň şu güne çenli türkmenleriň ýüreginden ara açyp gitmezliginiň-de özüne ýetesi sebäbi bar. Patyşa Russiýasy türkmen topragyny basyp almazdan öň türkmenlerde sud, prokuratura, polisiýa diýen zat bolmandy. Bu agzalan kärdäki adamlar hem olaryň edaralary türkmen topragyna ors hökümeti bilen bile geldi. Ol edaralar, şol edaralarda işlän adamlar türkmenleriň gözüniň oduny alypdy. Patyşa Russiýasynyň hökümetiniň ornuna gelen sowet hökümetiniň sud, prokuratura, polisiýa edaralary bolsa halky atmak we türmelere basmak bilen ýüreklere siňdi.

“Derekli adam şol edaralarda işlemeýär” diýen düşünje türkmenleriň, aýratyn-da, uly nesliniň aňynda baky galdy. Uly nesliň pikiri kiçi nesle geçýär. Kanun goraýjy edaralar bolansoň, olaryň borjy kanuny bozujylara temmi bermek. “Sygryň şahyna ursaň, sugunyň endamy syzlar” diýlişi ýaly, temmi berijilerden hemmeler gorkýarlar, temmi berijini gapysyndan getirmegi örän köpler halamaýarlar. Şeýle bolansoň, temmi berijileriň hünärini edinen örän gowy maşgalalaryň köpüsi gelin bolup gapy açyp bilmän, durmuşlaryny özüçe gurnamaga mejbur bolýarlar.

Belki, nesilleriň çalyşmagy bilen, aň-düşünjeler artyp, türkmenler hem kanun goraýjy edaralarda işleýänleriň arasynda gelin-gyzlaryň-da gerekdigine düşünerler hem-de olar baradaky gorkularyny taşlarlar.

Tanyş ýaşulularyň biriniň wagtynda öýlenip bilmedik ogly üçin bagty açylyp bilmän oturan bir gyzyň bardygyny salgy berýärler. Sorap-ideseler, ýaşy kyrka golaýlan ol gyz Milli howpsuzlyk ministrligine degişli edaralaryň birinde sekretar- maşinistka bolup işleýän eken. Onuň iş ýeri hakda maglumat alan ýaşuly: “Gerek däl, gerek däl!” diýip, bagyrmak bilen, onuň ýaly edara girip-çykan gyzy maşgala ornaşdyryp bolmajagyny aýdyp, gygyrýar. Gyzyň kakasy hatda eger gyzyna gudaçylyga gelinme niýeti bar bolsa, gyzyny ol edaradan işden çykarmaga-da razydygy hakda oglanyň kakasyna arada duran kişiden habar iberýär. Oglanyň kakasy işden çykarylsa-da, ol gyzyň özlerine gerek däldigini, beýle edara bir girip-çykan gyzy öýe getirmegiň orän gorkudygyny aýdyp, başyndan gum sowurdy. Hatda gyz tarapa öz adreslerini-de salgy bermezligi arada duran kişä ýalbaryp tabşyrdy. Sebäbi onda eýýäm gorky döräpdi.

Ine, kanun goraýjy edaralarda işleýän gyzlar hakda adamlaryň gorkusy şu derejede. Bu gorkynyň türkmenlerden haçan aýryljagyny, asla aýryljak-aýrylmajagyny häzirlikçe hiç kim aýdyp bilmese gerek. Adamlar ýüreklerine ýamanlyk bilen bir giren zada hiç wagt ýagşy göz bilen seredip bilmeýärler. Şonuň üçin halka ýamanlyk edilende çeniňi bilmeli. Çenden çykmak hiç wagt haýyrly tarapa bolmaýar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG