Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko garşy sud seljerişligi dowam etdirildi


10-njy awgustda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Ýuliýa Timoşenko garşy sud seljerişligi dowam etdirildi.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Timoşenko Orsýet bilen gaz ylalaşygyna gol çekende öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanýar.

Timoşenkonyň tarapdarlary bu aýyplamalaryň aňyrsynda syýasy matlaplaryň bardygyny aýdyp, häkimiýet başyndakylar Timoşenkony geljekki prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrmajak bolup, ony tussag etdi diýýärler.

Ukrainanyň öňki premýer-ministriniň 5-nji awgustda tussag astyna alynmagyny Polşa, Çehiýa, Wengriýa hem Slowakiýa ýaly ýurtlar ýiti ýazgardy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Timoşenkonyň haýal etmezden azat edilmegine çagyryş etdi.

Timoşenkonyň tussag edilmegine garşy onuň aklawçylaryň beren arzalaryna sudda hepdäniň anna güni garaljakdygy habar berilýär.

10-njy awgustda Timoşenko garşy geçirilen sud prosesine ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Ispaniýanyň diplomatlary hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG