Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranly kikboksçy milisiýany türgenleşdirmekden boýun gaçyrdy


Eýranyň kikboksing göreşi boýunça milli komandasynyň agzasy Ahmad Fouladizadeh Eýranda protestleri basyp ýatyrýan Basij milisiýasynyň gullukçylaryny türgenleşdirmekden boýun gaçyryp, Eýrany terk etdi.

Onuň häzir Şwesiýada baş pena almak uçin arza berendigi habar berilýär.

Fouladizadehiň aýtmagyna görä, Eýranda karate, boks, dzýudo, göreş ýaly sportuň görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň köpüsine ýurduň güýç strukturalarynda işleýän ýaşlary türgenleşdirmek boýunça görkezme berlipdir.

Fouladizadeh Eýranyň halkyna garşy sürüljek “galdiatorlary türgenleşdirmek” boýunça işlere gatnaşmak islemändigini aýdýar.

Ol: “Men atlet. Men öz halkyma dönüklik edip bilmerin” diýip, Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG