Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa pitneçileri esasy şäherleri ele geçirdik diýýärler


Liwiýa pitneçileri paýtagt Tripoliniň üpjünçilik ýolundaky esasy iki şäheri ele geçirendiklerini aýdýarlar.

Pitneçileriň sözçüsi Abdulsalam Osman gozgalaňçylaryň Tripoliniň günbataryndaky Sorman we günortasyndaky Garýan şäherlerini doly ele alandyklaryny aýtdy.

Paýtagtyň 50 km günbataryndaky Zawiýa şäheri ugrundaky söweşler bazar güni hem dowam etdi.

Hökümetiň sözçüsi pitneçileriň aýdýan zatlaryny ret etdi. Emma liwiýa lideri Muammar Kaddafi öz tarapdarlaryny pitneçiler tarapyndan eýelenen şäherleri azat etmek üçin söweşe taýýarlanmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG