15-nji awgustda hökümet agzalary bilen geçiren wideokonferesiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Nazarguly Şagulyýewe paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda kabel telewideniýesini ýola goýmagy tabşyrdy.
Paýtagtdaky ýaşaýyş jaýlaryny tertibe salmagyň gerekdigini aýdan Berdimuhamedow köp gatly jaýlaryň depesinde çanak antennalarynyň onlarçasynyň oturdylmagynyň binalaryň daşky görnüşine zeper ýetirýändigini belledi. Şu sebäpden döwlet baştutany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda kabel telewideniýesini ýola goýup, jaýlaryň depesinde 2-3 antennadan galanlaryny aýyrmagy wise-premýer Şagulyýewe tabşyrdy.
Ikinji synanyşyk
Paýtagtyň köp gatly jaýlaryndan çanak antennalaryny aýyrmak barada görkezmäni Berdimuhamedow 2007-nji ýylda hem beripdi. Şonda şäher häkimligi Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonynyň käbir jaýlaryndan çanak antennalaryny aýryp, kabel telewideniýesini ornaşdyryp gördi.
Şäher häkimliginiň 2007-nji ýyldaky çanak antennalarynyň ýerine kabel telewideniýesini ornaşdyrmak synanyşygy daşary ýurt kabel telewideniýelerinden düýbünden tapawutly bolupdy. Adaty çanak antennasyndan gelýän signal multigeçiriji enjam arkaly köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň öýlerine çekilipdi. Emma geçiriji enjamlaryň ähli kwartiralara kuwwatynyň ýetmezligi çanak antennalaryny aýyrmak işiniň goýbolsun edilmegine getirdi.
Ýerli telewideniýä isleg az
Türkmenistanda diňe döwlete degişli telewideniýe bar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bäş sany telekanal hereket edip, olar döwletiň berk gözegçiligi astynda. Telewideniýede taýýarlanylýan gepleşikleriň gowşaklygy, hiliniň ýaramazlygy sebäpli, ilat arasynda ýerli telewideniýäniň gepleşiklerine isleg juda az. Şu sebäpden Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň tas ählisiniň diýen ýaly öýlerinde çanak antennalary bar.
Çanak antennalarynyň bahasynyň elýeterliligi sebäpli, köp öýlerde olaryň azyndan üçüsi bar. Ilatyň aglaba bölegi “Turksat”, “Yamal”, “Hotbird” hemralary arkaly dünýäniň telekanallaryna tomaşa edýärler. Soňky bir ýylyň içinde bolsa NTW+, “Raduga” ýaly tölegli telekanallara hem ilat arasynda islegler artýar.
Ilata çykalga kän
Döwletiň çekip berjek kabel telewideniýesinde erkin saýlap-seçişiň doly bolmazlygy ähtimal. Sebäbi NTW+, “Raduga” ýaly tölegli telekanallar üçin aýratyn çanak antennalary, aýratyn serwis gerek. Ýöne paýtagtlylar köp meselede çykalga tapmagy başarýarlar.
Paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň daşynyň düýpli abatlanylmagy bilen, ol jaýlaryň depesindäki çanak antennalary şäher häkimligi tarapyndan aýyrdylypdy. Emma ýurda getirilýän kämil tehniki enjamlar ilaty çanak antennalaryndan mahrum etmeýär. Köp gatly ýaşaýjylar birinji gatyň ýaşaýjylaryna degişli bolan, ýol tarapa bakmaýan kiçiräk ýer böleklerinde ylalaşyp, antennalary dikýärler. Muňa şäher häkimligi tarapyndan gadagançylyk ýok.
Erkin telekeçiler tarapyndan ýurda getirilýän soňky sputnik kabul edijileriň (golowka) 4, 8 çykalgalary bar. Bu bolsa bir çanak antennasyndan 8 öýüň peýdalanmagyna ýardam edýär.
Senzuramy?
Prezidentiň çanak antennalaryny aýryp, ýerine kabel telewideniýesini çekmek baradaky görkezmesi ilatyň aglaba bölegini eýýämden alada goýýar. Muňa esas hem bar. 2002-nji ýylda Orsýetiň käbir telekanallarynda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty barada tankydy gepleşikler görkezilipdi. Ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow bolsa daşary ýurt telekanallarynda görkezilýän gepleşiklerdir kinolaryň türkmen ahlagyna gapma-garşy gelýändigini aýdyp, hususyýetçiler tarapyndan ilata çekilen kabel telewideniýesini gadagan etmek barada görkezme beripdi.
Netijede paýtagtyň ilatynyň aglaba böleginiň ýerleşýän ýeri bolan uly gatly jaýlaryň ýaşaýjylary daşary ýurt telekanallaryndan birbada mahrum bolupdy. Nyýazowyň hut şol görkezmesinden soň Aşgabadyň uly gatly jaýlarynda çanak antennalary kömelek deý köpelip başlady.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.