Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda 29 ýaşly tibetli monah özüni otlady


Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda bir monah özüni otlady. Bu sebitde soňky aýlarda bolan şeýle hadysalaryň ikinjisidir.

Hytaýyň resmi “Sinhua” habar gullugy 29 ýaşly monahyň birinji gün özüni otlap, ýaralaryndan ölendigini aýtdy.

Londanda ýerleşýän “Azat Tibet” hukuk topary ol monahyň benzin içip, üstüne ýangyç sependigini we hökümete protest edip, özüni otlandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG