Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Belarusyň uran söwdasyndan çekilmegine alada bildirdi


Şenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Belarusyň öz baýlaşdyrylan uranyny eksport etmek boýunça Waşington bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklaryny bes etmek kararyna öz aladasyny bildirdi.

Hepdäniň anna güni Belarusyň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň Belarusa garşy «bikanun sanksiýalary» ulanýandygyny aýdyp, muňa jogap hökmünde uran söwdasy boýunça geçen ýylky baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi.

Bu beýanatyň yzy bilen ABŞ-nyň Döwlet departamenti Belarusyň bu kararyndan özüniň lapykeç bolandygyny, ýöne bu ugurda Belarus özara ylalaşyklaryň şertlerine eýerer diýip umyt edýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG