Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýryýew GKÇP-ä garşy geçirilen miting barada


Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde miting gurnaýar, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow çykyş edýär, onuň öňünde duran ýazyjy Hudaýberdi Hally, 1991-nji ýylyň 27-nji awgusty.
Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde miting gurnaýar, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow çykyş edýär, onuň öňünde duran ýazyjy Hudaýberdi Hally, 1991-nji ýylyň 27-nji awgusty.
Mundan 20 ýyl ozal Aşgabadyň merkezinde beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda Türkmenistanyň demokratik toparlary türkmen häkimiýetleriniň GKÇP-niň goldandyklaryna garşy miting geçiripdiler. Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen şol mitingiň taýýarlanylyşy, geçirilşi we ähmiýeti barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly aga, eşidişimize görä, siz şol mitingi taýýarlamaga işjeň gatnaşypsyňyz. Ony geçirmek aýry-aýry demokratik meýilli adamlaryň inisiatiwasy bilen amala aşyryldymy ýa-da ol demokratik guramalaryň işimi?

Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew: Öwnüp aýtdygym däl, ýöne biziň öýümiziň şol mitingi taýýarlamagyň ştabyna öwrülendigini köpler bilýändir. Şol sebäpli-de, Saparmyrat Nyýazow ömrüniň ahyryna çenli ýörite gulluklara meni yzarladyp, ýanadyp geldi, birnäçe gezek işsiz goýdy.

Mitingi geçirmek inisiatiwasy ondan üç-dört aý döredilen Türkmenistanyň demokratik güýçleriniň respublikan geňeşine, elbetde, demokratik garaýyşly aktiwistlere degişlidir. Geňeşiň düzümine "Agzybirlik" halk hereketi, Demokratik reformalar hereketi we beýleki guramalar girýärdi.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin, ony GKÇP-niň dowam eden üç gününde geçirmediňiz? Bu türkmen demokratlarynyň passiwligimi ýa ýöwselligimi?

Aşyrguly Baýryýew: Şeýle pikir bilen ylalaşyp biljek däl. Muňa keseden, häzirki günüň belentliginden baha berjek bolýanlar hakykaty bilmän ýa-da çala bilip gürleýärler. Bu çäräni amala aşyran adamlary passiwlikde ýa-da ýöwsellikde aýyplamak nädogrudyr. Olaryň öz başlaryny, maşgalalarynyň, çagalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň başlaryny eteklerine salyp hereket edendiklerini geçen ýyllar görkezip gelýär. Mitingiň GKÇP-den soň geçirilmegini bolsa, ýurtda aragatnaşyk serişdeleriniň gowşaklygy, adamlary habarly etmäge, guramaçylyk meselelerini çözmäge wagtyň gerek bolandygy bilen delillendirip bolar.

Azatlyk Radiosy: Mitingi geçirmek bilen siz nähili maksatlary göz öňünde tutduňyz?

Aşyrguly Baýryýew: Esasy maksat türkmen ýolbaşçylarynyň GKÇP-ni goldamagyny ýazgarmak, halk köpçüliginiň olary goldamaýandygyny, ýurduň garaşsyzlygyny we demokratiýany küýseýändigini, isleýändigini duýdurmakdan, hökümetiň Nyýazowyň ýolbaşçylygynda döwlet başyndan gitmegini talap etmekden ybaratdy. Bu talaplary bildirmek üçin milisiýanyň, ýörite gulluklaryň päsgelçiliklerine garamazdan, şäheriň merkezine ýygnanyşan adamlary ýöwsel hasaplajak bolmak hakykaty gödek ýoýmakdyr.

Nyýazowyň kömekçileriniň biri GKÇP günleri tussag etmek üçin demokratik meýilli adamlaryň 300-e golaýynyň sanawynyň düzülendigini aýdandygy hakynda resmi tassyklanmadyk, ýöne inkärem edilmedik gürrüň bar. Mitingde çykyş edenleriň ählisiniň diýen ýaly gaýduwsyzlyk, batyrlyk görkezendikleri misilsiz hakykat .

Azatlyk Radiosy: Mitingiň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti nämeden ýa nämelerden ybarat?

Aşyrguly Baýryýew: Ol ýurtdaky totalitar režime garamazdan, demokratiýa ugrunda göreşmäge, häkimiýetler bilen güýçleri deň gelmese-de, batyrgaý hereket etmäge, olara halkyň talabyny ýetirmäge ukyply adamlaryň bardygyny görkezdi, ilata ýagşy umyt berdi. Olaryň maksatlary soňuna çenli häkimiýetleriň zorlugy, repressiýalary zerarly amala aşmady. Onsoňam şol mitinge gatnaşanlaryň aglabasynyň soňra Nyýazowyň şahsyýet kultuna kemala getirendikleri baradaky tekrarlama hakykata laýyk gelmeýär.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly aga, mitingi guraýjylaryň hatarynda "Agzybirlik" halk hereketi bilen birlikde Demokratik reformalar hereketini agzadyňyz. Bu gurama "Agzybirlik" ýaly meşhur däl. Ol hakynda maglumat beräýseňiz.

Aşyrguly Baýryýew: Häkimiýetler tarapyndan uzak işledilmän dargadylan bu jemgyýetçilik guramasyny biz öz pikirdeşlerimiz bilen Moskwada Ýakowlew, Şewarnadze, Popow we beýlekiler tarapyndan döredilen hereketiň Türkmenistan bölümi hökmünde döretdik. Bu barada olara telegramma iberdik. Türkmen ýolbaşçylary hem habarsyz galmasynlar diýip, telegrammanyň bir nusgasyny Nyýazowyň adyna iberdik. Şondan soň hereketiň ýolbaşçylaryna güýçli basyş edildi. Telegramma gol goýanlaryň bäşisinden dördüsi soňy bilen tussaglyga düşürildi. Şol dördüň arasynda siziň sadyk guluňyz hem bardy.

Azatlyk Radiosy: Indi ýene-de mitinge gaýdyp gelsek, ondan soňra nähili wakalar ýaýbaňlandy?

Aşyrguly Baýryýew: Ýeri gelende şol mitingiň Türkmenistanyň halk deputatlary Halmyrat Söýünowyň, Geldimämmet Igdirowyň tagallasy bilen amala aşandygyny bellemek gerek. Ýogsam, häkimiýetler mitingi başa bardyrmajak bolup, tagalla baryny etdiler. Halmyrat bilen Geldimämmet ikisiniň mitingden soň açlyk yglan edendikleri köplere bellidir. Häkimiýetler tarapyndan olara garşy prowakasiýa edilmeginiň öňüni almak maksady bilen biz uzak gijeläp nobatçylygy guradyk.

Azatlyk Radiosy: Soňra 27-nji awgustdaky ýaly mitingi geçirmek synanyşygy bolmadymy?

Aşyrguly Baýryýew: Miting bir günden gaýtalanmalydy. Ýöne häkimiýetler bu sapar has gazabyna tutdular. Otuza golaý mitingçi tussag edildi. Milisiýanyň polkowniginiň öz garamagyndakylara gan dökmekdenem gaýtmaly däl diýip tabşyryk berenini öz gulagym bilen eşitdim. Güýç ulanyjylar paýtagtyň merkezini uly ölçegde berk gabawa aldylar, adam geçirmediler. Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew, heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow dagymyz şol wagtky içeri işler ministri Serdar Çaryýarowyň ýanyna gepleşige bardyk. Ýoldaşlarymyzy tussaglykdan goýberseler, mitingi ýatyrjakdygymyzy aýtmakçy bolduk. Bizi aldawa salyp, şäher polisiýa bölümine ugratdylar. Şonda men bölümiň howlusynda hüjüme taýýar, dişine çenli ýaraglanan omonçylaryň ýüzlerçesini gördüm.
XS
SM
MD
LG