Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatydan ekstradisiýa edilen bosgunlary Özbegistanda türmä basyp başladylar


Adam hukuklaryny goraýan özbek saýty Gazagystandan ekstradisiýa edilen 29 sany musulman bosgunlarynyň işi boýunça sud işleri barada habar berdi. Şolaryň ikisi eýýäm uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Özbegistanda 29 sany özbek dindar bosgunlaryna sud işleri başlandy. Olar 2010-njy ýylda Gazagystanda tutulyp, 2011-nji ýylyň iýunynda watanlaryna ekstradisiýa edilipdi.

Halkara guramalary özbek dindar bosgunlaryna garaşýan ýowuz jenaýat yzarlamalary we olara bolaýmagy ähtimal basyşlar barada öňünden duýdurypdylar.

Hökümler

Adam hukuklaryny goraýan halkara “Ezgulik” guramasynyň habar bermegine görä, 21-nji awgustda Şöhrat Kuçkarowyň ýolbaşçylygynda jenaýat işleri boýunça Syrderýa welaýat sudy 1990-njy ýylda doglan Faýzullahon Akbarowy bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

“Akbarowyň jenaýat işiniň materiallaryna laýyklykda, ol Gazagystan respublikasynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň izolýatorynda ýüreginden tutup ýykylypdyr. Oňa radikal “Jihodçylar” dini akymyna goşulan hökmünde günä bildirilýär” diýip, “Ezgulik” öz saýtynda ýazýar.

Şonuň ýaly-da adam hukuklaryny goraýan gurama 21-nji awgustda Syrderýa welaýat sudy tarapyndan 1992-nji ýylda doglan Ahmet Paltaýewe 15 ýyl iş kesilendigi barada habar berýär. Öl Özbegistanyň konstitusion gurluşyna kast etjek bolmakda, jenaýatçylykly toparlanyşygy döretmekde, jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim salýan materiallary ýaýratmakda günäli hasaplanyldy.

“Şol günüň özünde jenaýat işleri boýunça Daşkent welaýat sudunda ekstradisiýa edilen 29 sany dindarlaryň 10-syna sud prosesi başlandy. Olaryň köpüsi radikal “Jihadçylar” dini akymyna degişli bolanlykda aýyplanýarlar. Şu jenaýat işleriniň maglumatlary boýunça derňewler Daşkent şäheriniň we welaýatlaryň hukuk goraýjy organlarynda alnyp barylýar. Dindar adamlaryň ykballary barada takyk maglumatlar ýok” diýip, “Ezgulik” habar berýär.

Bu gurama, şonuň ýaly-da Gazagystanyň ýörite gulluklarynyň Gazagystanyň içinde gezip ýören özbegistanly dindarlary çöpläp başlandyklary barada hem ýazýar.

“Ozal Daşkent welaýatynyň Kibraý etrabynda ýaşan, häzirki wagtda gözleg yglan edilen Şirzada Şirnazarowy we onuň ýoldaşlaryny ekstradisiýa etmek meselesine-de garalýar. Olar dini ekstremizmde günälenýärler” diýip, “Ezgulik” guramasy ýazýar.

Doly üzňelikde

Özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy Suhrobjan Ysmaýylow adam hukuklaryny goraýan “Ezgulik” guramasynyň habarlaryny umuman, tassyklady, şonuň bilen birlikde-de käbir düýpli zatlary goşdy.

Suhrobjan Ysmaýylowyň aýtmagyna görä, özbek sülçüleri Gazagystandan ekstradisiýa edilen bosgun musulmanlaryň garyndaşlaryna hususy aklawçylary tutmakda bökdençlik döredipdirler.

Sülçüler ekstradisiýa edilenleriň hossarlarynyň içine-daşyna geçip, aklawçy tutmagyň hökman däldigini aýdyp, “Döwlet aklawçylary bilen derňewleri çalt geçireris, islendik biri günäsiz bolsa, derrew goýbereris” diýip, olary yrypdyrlar — diýip, Suhrobjan Ysmaýylow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ysmaýylowyň sözlerine görä, ekstradisiýa edilenleriň hossarlarynyň köpüsi sülçüleriň guran toruna düşüpdir. Sülçülere özleriniň sorag edýän adamlarynyň doly üzňelikde bolmagy gerekdi. Olar maksatlaryna-da ýetipdirler. Arman, sorag edilýänleriň garyndaşlary özleriniň aldanandyklaryna giç düşünip galypdyrlar.

—Munuň özi sülçüleriň hilegärligidi. Olara sorag edilýänleriň doly üzňeligi gerekdi. Eger-de olaryň aklawçylary bolanlygynda onda sülçülere olardan özleri üçin zerur bolan maglumatlary almak kyn düşerdi. Munuňam üstesine, sorag edilýänlere öz hossarlary bilen duşuşmaga rugsat bermediler. Olaryň ýanyna girmäge diňe döwlet aklawçylary ygtyýarlydylar — diýip, adam hukuklaryny goraýjy Suhrobjan Ysmaýylow aýtdy.

Suhrobjan Ysmaýylowyň aýtmagyna görä, Gazagystandan ekstradisiýa edilen özbek musulman bosgunlarynyň hemmesi pesinden “psihologiki basyşa sezewar edilipdir”.

Derňew gutarandan soň ekstradisiýa edilenlere hossarlary bilen duşuşmaga rugsat berlipdir. Suhrobjan Ysmaýylow bu maglumatlary olaryň dogan-garyndaşlarynyň sözlerine salgylanyp aýdýar.

—Duşuşyk mahaly dogan-garyndaşlary olaryň teninde gynamalaryň yzlaryny görmändirler. Emma olaryň ruhy taýdan çökerilendigini duýupdyrlar. Ekstradisiýa edilenler öz sülçüleriniň ugrundan gopupdyrlar hem-de özleriniň günälidiklerini ýa-da hamana dini ekstremistik guramalaryna dahyllydyklaryny sülçiniň aýdyşy ýaly gaýtalap, ata-enelerine düşündiripdirler — diýip, Suhrobjan Ysmaýylow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gazagystandan ekstradisiýa edilen 29 sany özbek musulman bosgunlarynyň garşysyna sud işleri Özbegistanyň dürli künjeginde — olaryň ozalky ýaşan ýerlerinde geçirilýär.

Ekstradisiýa tamamlananok

Gazagystanyň adam hukuklary boýunça býurosynyň işgäri Denis Jiwaga Azatlyk Radiosy bilen gürrüňinde Gazagystanyň ýene-de azyndan üç sany özbek musulman bosgunyny ekstradisiýa etmäge taýýarlanýandygyny aýdýar.

—Özbegistana nobatdaky ekstradisiýa ediljek Şirzada Şirnazarowdyr. Ýokary sudda onuň bosgun statusyny bermeklerini sorap ýazan haýyşyny kanagatlandyrmadylar. Häzirki wagtda ekstradisiýa prosesi gidip dur — diýip, Denis Jiwaga aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, özbek häkimiýetleri mundan birnäçe wagt ozal Şirzada Şirnazarowyň aýalyna-da ekstradisiýa tussagy barada talap haty bilen ýüz tutupdylar. Ýöne gazak häkimiýetleri gelniň emzikli çagasynyň we birnäçe kämillik ýaşyna ýetmedik çagasynyň bardygyny nazarda tutup, ony tussag etmekden saklandylar.

Denis Jiwaga şonuň ýaly-da, Aýbek Kuldoşowyň inileri Sunatulla bilen Suhrobyň depesinden ekstradisiýa howpunyň abanandygyny aýdýar. Sebäbi olaryň bosgunlyk statusyny bermeklerini sorap ýazan haýyşlary kassasion instansiýada kanagatlandyrylmady. Ýöne şol haýyşlar heniz Ýokary suda ýetenok.

Olaryň agasy Aýbek Kuldoşow beýleki 28 sany özbek musulman bosguny bilen birlikde şu ýylyň iýunynda Özbegistana ekstradisiýa edilipdi.

Denis Jiwaganyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda doganlar Kuldoşowlary Gazagystanyň baş prokurorynyň Özbegistana ekstradisiýa etmek baradaky kararyny suda şikaýat etmek boýunça mesele ýüze çykdy. Sebäbi olara aklawçylar gerek. Emma Gazagystanyň adam hukuklary boýunça býurosynda welin munuň üçin serişde ýok.

Kazis Toguzbaýew Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG