Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indiki oýanyş


Demokratiýa tarapdary halk Müsüriň paýtagty Kairiň Tahrir meýdançasynda, 2011-nji ýylyň aprel aýy.
Demokratiýa tarapdary halk Müsüriň paýtagty Kairiň Tahrir meýdançasynda, 2011-nji ýylyň aprel aýy.
20 ýyl mundan ozal Jiddede geçen bir üýşmeleňde menden araplaryň perestroýkadan almaly paýy barada çykyş et diýip, haýyş edilipdi. Men şonda çykyş etsem-de, ‘araplar üýtgedip gurmakdan näme paý almaly?’ diýen soragy jogapsyz goýdum. Sebäbi bu soraga özüm hem doly düşünmändim.

Ol mahallar Merkezi we Gündogar Ýewropada bolan mahmal rewolýusiýalar, Gorbaçýowyň perestroýkasy araplary ruhlandyrýardy. Ýöne arap režimleri öz raýatlaryna erkinlik we demokratiýa bererli däldiler.

Maňa şonda berlen soraga şu ýyl taryh jogap berdi: araplaryň perestroýkadan alan paýy çehleriň, orslaryň, gazaklaryň, Sowet Soýuzynyň golastyndaky beýleki halklaryň 1989-njy we 1991-nji ýylda gazanan erkinlik hem demokratiýasyndan şol derejede peýdalanmak bolup çykdy. Müsürliler-de, tunisliler-de, siriýalylar-da we liwiýalylar-da özleriniň azatlyga ýokary baha berýändiklerini, bu ugurda agyr pidalar çekmäge taýyndyklaryny subut etdiler.

1989-njy we 1991-nji ýyllardaky isleg-arzuwlaryň, edil şol syýasy pikirler bolmasa-da, Kairdäki, Tunisdäki, Damaskdaky we Tripolidäki ýaşlaryň aňyna ornandygyny biz indi bilýäris. Bular ýokary bilimli, jogapkärçilikli işlerde bolýan, ýöne diktatoryň elinden iş gelmeýän çagalary ýaly saklanan ýaşlar. Täze media tehnologiýasy döwletiň erkindäki informasiýa monopoliýasyny söküp taşlady.

Düşünjeler erkin ýaýrady. Bularyň käbiriniň, radikal yslamçylyk ýaly, erkinlik we demokratiýa bolan tutumy garym-gatym. Ähli ideologiýalarda bolşy ýaly, yslamçylyk-da intellektuallaryň hem garşylygy hem-de ylalaşygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu köplenç liberal düşünje görnüşinde geldi. Ýaş araplaryň muňa beýle garamazlygy mümkin. Ýöne olar perestroýkadan paýlaryny aradan 20 ýyl geçeninden soň, talap etdiler. Bu “Arap Oýanyşy” bolup geldi.

Merkezi Aziýa, Azerbaýjan we beýleki postsowet awtoritar ýurtlardaky adamlar-da indi arap oýanyşyndan paý isleýärmikä? Spesialistler, regional ekspertler bu soragy türkana ýa-da jogap bererden entek ir sorag diýip, ret edýärler. Olar bu ýerlerde saldamly oppozision hereketleriň ýoklugy ýaly şowsuz faktlara salgylanýarlar. “Bu jemgyýetlerde hökümetler dini berk kontrollyk astynda saklaýarlar. Regiona agalyk edýän Orsýet bilen Hytaý üstünlikli demokratik döwlet gurluşyna ýol bermez” diýýärler. Bu aýdylýanlar belli bir derejede nädogry hem däl.

Ýöne spesialistler we regiona belet ekspertler arap dünýäsinde-de gozgalaň perspektiwalaryny ret edip gelipdiler. Olaryň pikiri, bu gozgalaňlar bolansoň, üýtgedi. Gozgalaňlar ýola düşüp ugransoň hem olar hökümetlere zyýan ýetirer diýip pikir etmeýärdiler. Mysal üçin, durnukly, öz ýagdaýyna görä öňegidişlikli Tunisde rewolýusiýa bolar diýip, hiç kim öňünden görüp bilmändi. Ýa Siriýada ýönekeý ilat erkinlik üçin öz janyny pida eder diýip, hiç kim ynanmandy.

Her 20 ýyldan ýa şolar ýaly döwürden bolýan rewolýusiýalaryň imperiýalary agdarmagynyň ekspertleri aňk-taňk etmeginiň bir sebäbi bar. Olar adamlaryň aňynda bolýan özgerişleri ölçäp bilenoklar. Bu ekspertleriň görüp bilýän zady däl. Ol assa, ýöne akyl ýetirip bolmaýan ýagdaýda ýol alýar. Onuň duýduryş alamatlaryny diktatoryň repressiýa apparatlary bulandyryp, göze ilmez ýaly edýär. Onuň ýol alandygy haçan-da tabyn ilat aýak üstüne galyp, raýat hökmünde zalym gudrata açyk garşy çykanda belli bolýar.

Ýene öňki soraga geleliň: Merkezi Aziýada, Kawkazda, Belarusda we beýleki postsowet awtoritar döwletlerde ýaşlar arap oýanyşyndan öz paýlaryny almak isleýärmi? Olar bu özlerine bir sapak diýip pikir edýärlermi? Öz ýurtlarynda we durmuşlarynda hem şular ýaly zatlaryň mümkindigine ynanýarlarmy? Olarda üstümizden höküm sürýän jogapkärçiliksiz güýji kabul etmekden başga ýol ýok diýen duýgy barmy ýa-da olar bu güýji ýeňip, liwiýalylaryň alan, siriýalylaryň hem almaga synanyşýan erkinligine biz-de gowşarys diýip, pikir edýärlermi?

Bu meselelerde ýeke-täk ekspert siz, bu makalany okaýanlar. Siz nähili pikirde?

Jon O’Saliwan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň baş redaktory. Bu kommentaride öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG